Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 26 ýyl­ly­gy­nyň öň­ýa­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji golf klu­by açyl­dy. Da­ba­ra­nyň bar­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz top bo­ýun­ça il­kin­ji ur­gy­ny edip, Aş­ga­ba­dyň golf top­lu­my­nyň iş­le­mä­ge baş­lan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz açy­lyş da­ba­ra­syn­da eden çy­ky­şyn­da he­niz ga­dy­my dö­wür­ler­de, türk­men­le­riň ara­syn­da gol­fa meň­zeş çi­lik oý­nu­nyň oý­na­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu oýun adam­da çak­gan­ly­gy, üns­lü­li­gi, ba­şar­jaň­ly­gy we sag­dyn­ly­gy ter­bi­ýe­le­ýär we kuw­wat ber­ýär. Dün­ýä­de giň­den ýaý­ran gol­fuň yn­san sag­ly­gy üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar. Bu oýun be­de­ni tap­la­mak bi­len bir­lik­de ýü­rek-da­mar, süý­jü­ke­sel, göw­nü­çök­gün­lik ýa­ly ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ada­myň aň-bi­lim hem-de sport ba­şar­ny­gy­ny art­dyr­ýar. Uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar gol­fuň yn­san öm­rü­ni uzalt­mak­da örän mö­hüm­di­gi­ni tas­syk­la­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­sy­nyň gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýän golf sport top­lu­my­nyň umu­my meý­da­ny 70 gek­tar­dan yba­rat. Top­lum­da eda­ra we hyz­mat ediş bi­na­la­ry, 18 çu­kur, 4 eme­li köl hem-de bir eme­li çeş­me, aw­tou­lag­lar üçin 90 orun­lyk ýe­ras­ty hem-de ýe­rüs­ti du­ral­ga gu­rul­dy. Bu ägirt uly tas­la­ma dün­ýä bel­li “Nik­la­us” kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň baş di­rek­to­ry Jek Nik­lau­syň ýar­dam ber­me­gin­de iş­le­nip dü­zül­di. Onuň gur­lu­şy­gy Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän “My­ra­dym” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­dy.
Aş­ga­ba­dyň golf meý­dan­ça­sy­ny dö­ret­mek üçin te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lan kün­jek se­çi­lip alyn­dy. Onuň te­bi­gy gör­nü­şi­ne bi­na­gär­ler öz­bo­luş­ly çe­per gör­nü­şi go­şup, meý­dan­ça­nyň has amat­ly bol­ma­gy­ny we ru­hu­ňy gö­te­ri­ji hä­si­ýe­ti­ni şert­len­di­rip­dir­ler. Bu ýer­dä­ki ki­çi­räk köl meý­dan­ça­nyň kü­müş­söw gi­ňiş­li­gi, be­zeg agaç­la­ry­nyň top­lu­my, öz­bo­luş­ly şag­la­wuk­lar, bir­nä­çe köp­rü­ler bi­len ut­ga­şyp, aja­ýyp saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­ýär.
Şeý­le giň möç­ber­li meý­da­na ideg et­mek we ony de­giş­li de­re­je­de sak­la­mak üçin dür­li ugur­la­ra de­giş­li hü­när­men­le­riň, köp­san­ly iş­gär­le­riň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­sy ze­rur bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, Aş­ga­bat­da tä­ze golf klu­bu­nyň açyl­ma­gy bi­len bir­nä­çe iş orun­la­ry eme­le gel­ýär.
Meý­dan­ça hyz­mat et­mek üçin ABŞ-nyň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň önüm ön­dü­ri­ji­le­rin­den dür­li teh­ni­ka­lar sa­tyn alyn­dy. Hu­su­san-da, meý­dan­ça­nyň otu­ny çyrp­mak, ýe­re dö­kün dök­mek, ony iý­mit­len­dir­mek, kis­lo­rod bi­len baý­laş­dyr­mak hem-de çä­ge bi­len ört­mek, meý­dan­ça­la­ry aras­sa­la­mak, to­hum sep­mek üçin en­jam­lar ge­ti­ril­di. Su­wa­ryş ul­ga­my bu teh­ni­ka­la­ryň kö­me­gi bi­len kes­git­le­nen ter­tip­de aw­to­mat­laş­dy­ry­lan usul­da ama­la aşy­ryl­ýar.
Golf oý­nu­nyň ka­da­la­ry bo­ýun­ça oýun­çy­la­ra päs­gel­çi­lik­le­ri dö­ret­mek üçin uly we ki­çi bun­ker­le­riň – tä­sin çu­kur­jyk­la­ryň 82-si ýer­leş­ýär. Ola­ra öw­şün at­ýan ak çä­ge dü­şel­di. Golf üçin ni­ýet­le­nen meý­dan­ça­lar­da ula­ny­lan äh­li se­riş­de­le­riň nus­ga­la­ry bu oý­nuň dö­rän ýe­ri bo­lan Şot­lan­di­ýa­da­ky ýö­ri­te bar­lag­ha­na­lar­da sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Di­ňe bi­ler­men­le­riň ge­len ne­ti­je­sin­den soň, bu se­riş­de­ler iş ýü­zün­de ula­nyl­dy.
Şeý­le­lik­de, çem­pi­on de­re­je­si­ne la­ýyk gel­ýän Aş­ga­ba­dyň golf meý­dan­ça­sy da­şa­ry ýurt­la­ryň iň go­wy tej­ri­be­si esa­syn­da, öň­de­ba­ry­jy us­sat­la­ryň – dün­ýä­niň golf ar­hi­tek­tor­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­dyr bi­lim­le­ri­ni we ýer­li se­riş­de­le­ri hem-de ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk­çy­la­ry­nyň we be­zeg­çi­le­ri­niň güý­jü­ni we ba­şar­ny­gy­ny ulan­mak ar­ka­ly, meý­dan­ça­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri­niň te­bi­gy land­şaf­ty­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan tä­sin tas­la­ma­dyr.
18 çu­kur­jyk­ly aja­ýyp golf meý­dan­ça­sy dag ete­gi­niň te­bi­ga­ty hem-de ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň tä­ze bi­na­la­ry­nyň gö­zel­li­gi bi­len öz­bo­luş­ly saz­la­şyk dö­ret­di. Sa­ry baý­da­jyk­ly ýa­şyl meý­dan­ça­lar­dan paý­tag­ty­my­za aja­ýyp gör­nüş açyl­ýar.
Aş­ga­bat golf klu­bu­nyň eda­ra bi­na­sy­nyň açyl­ma­gy da­ba­ra­nyň ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry­na öw­rül­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bi­na­nyň gi­rel­ge­sin­dä­ki toý ba­gy­ny ke­sip, onuň içi­ne gir­di. Umu­my meý­da­ny 4,5 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak bo­lan golf klu­byň iki gat­ly bi­na­sy te­ge­lek gör­nüş­de bo­lup, özü­ne iş otag­la­ry­ny, fit­nes za­ly, spa-sa­lo­ny, dynç alyn­ýan otag­la­ry hem-de es­bap­la­ry sak­la­mak üçin ni­ýet­le­nen otag­la­ry, gar­ba­nyş­ha­na­ny, res­to­ra­ny hem-de golf oý­na­mak üçin ze­rur bo­lan zat­lar sa­tyl­ýan golf dü­kan­la­ry bir­leş­dir­ýär. Bi­na­nyň ýer­ze­min ga­tyn­da elekt­ro­mo­bil­ler üçin ni­ýet­le­nen ga­raž ýer­leş­ýär. Oýun meý­dan­ça­la­ry­nyň ara­syn­da olar üçin ýö­ri­te ýo­da­jyk­lar çe­kil­di. Bu ýe­ňil hem-de eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ula­gy ön­dür­mek ba­bat­da dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy­la­ryň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan E-Z-GO kom­pa­ni­ýa­syn­dan golf-kar­la­ryň 30-sy sa­tyn alyn­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz golf dü­kanyn­da hö­dür­len­ýän ha­ryt­la­ry syn­la­dy hem-de fit­nes za­la ba­ryp, onuň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy bi­len ta­nyş­dy. Ýö­ri­te sti­mul­ýa­to­ryň kö­me­gi ar­ka­ly bu örän gy­zyk­ly oý­nuň il­kin­ji tä­lim­le­ri­ni alyp bol­ýar. Ýo­ka­ry tiz­lik­li ka­me­ra­lar dür­li te­kiz­lik­de to­puň hem-de ta­ýa­jy­gyň he­re­ke­ti­ni su­ra­ta al­ýar we mo­ni­tor­da “jan­lan­dy­ry­lan” golf meý­dan­ça­la­ry­nyň kö­me­gi ar­ka­ly ha­ky­ka­ta ýa­kyn­laş­dy­ry­lan ýo­ka­ry hil­li wir­tu­al oýun eme­le gel­ýär.
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Aş­ga­ba­dyň golf meý­dan­ça­syn­da türk­men paý­tag­ty­na ge­len dün­ýä­niň meş­hur oýun­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da golf bo­ýun­ça gör­kez­me ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di.
Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da-da golf sport top­lu­my­nyň gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.