Golaýda gazagystanly bilermenler Angliýanyň Mançester şäherindäki Jon Raýlands kitaphanasynyň gaznalaryndan X-XII asyrlarda türki diline terjime edilen ilkinji Gurhany tapdylar. Bu barada “MIR 24” web saýty habar berdi.
Bu gadymy golýazma türki-yslam medeniýeti üçin uly gymmatlykdyr. Alymlar munuň Ispijabda (häzirki Gazagystanyň Özbegistan serhedine golaý şäher), çen bilen, X-XII asyrlarda türki diline terjime edilen ilkinji Gurhan bolup biljekdigini çaklaýarlar. Hut şol wagtlar gadymy Garahanlylar taýpalary yslam dinini kabul edip başlapdylar.
Mundan başga-da bilermenler Beýik Britaniýadan 15 sany gadymy golýazmanyň we 500 arhiw resminamasynyň nusgalaryny getirdiler. Bu tapyndylaryň ekspozisiýasy respublikanyň Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkezinde köpçülige hödürlener.