Her ýyl iňlis dilinde ýazylan iň gowy romana berilýän Halkara Buker baýragy 2024-nji ýyldaky sanawyny yglan etdi. Oňa geçen 2023-nji ýylyň 1-nji maýyndan bäri neşir edilen 149 kitapdan 13-si saýlandy. Alyp baryjy we žurnalist Eleonora Wahtel (başlyk), şahyr Natali Dias, ýazyjy Romesh Gunesekera, wizual suratkeş Wilýam Kentrij, ýazyjy, redaktor we terjimeçi Aaron Robertson şu ýylky emin agzalary boldular.
Dalaşgärlige hödürlenenleriň arasynda Selwa Almadanyň “Not a River” (Derýa däl), Rodrigo Blanko Kalderonyň “Simpatía” (Meýl), Jenni Erpenbekiň “Kairis” (Kairos) Iýa Genbergiň “The Details” (Jikme-jiklik), Ursula Gonekiň “White Nights” (Ak gijeler), Hwan Sok-Ýonyň “Mater 2−10” (Mater 2-10), Ismail Kaderiň “A Dictator Calls”, Andreý Kurkowyň “The Silver Bone”(Kümüş süňk), Jente Postumanyň “What I’d Rather Not Think About” (Pikir edesim gelmeýän zatlar”, Weronika Raýmonyň “Lost on Me” (Mende gaýyp bolan), Domeniko Starnoneniň “The House on Via Gemito” (Wia Gemitodaky öý), Itamar Wieýra-kiçiniň “Crooked Plow” (Gyşyk azal), Gabriela Wineriň “Undiscovered” (Üsti açylmadyk) ýaly eserleri girizilipdir.
Ýeňiji bolan ýazyjy we terjimeçi 50 müň funt sterling (takmynan, 64 müň dollar) pul baýragyny öz aralarynda paýlaşar, gysga sanawdaky kitaplaryň awtorlary we terjimeçisi bolsa, 5 müň funt sterling (takmynan, 6400 dollar) möçberindäki pul baýragyna eýe bolup, ony öz aralarynda paýlaşarlar.
Bu ýylky gysga sanaw 9-njy aprelde mälim edilip, ýeňiji 21-nji maýda belli bolar.