Ýene-de iki ýyldan 3 ýurtda ABŞ, Kanada hem-de Meksikada geçiriljek FIFA Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama duşuşyklarynyň çäginde Aziýa zolagynda 2-nji tapgyryň 3-4-nji oýunlary oýnaldy. Geçirilen 4-nji tapgyrdan soň Kataryň, Yragyň, BAE-niň hem-de Awstraliýanyň ýygyndylary ýeke utuk hem ýitirmän eýýämden, 3-nji saýlama tapgyryna ýollanma almagy başardylar. Şol sanda Eýrandyr Özbegistanyň ýygyndylary hem 3-nji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazandylar. “A” toparçada Kataryň ýygyndysy Kuweýtiň ýygyndysyndan 3-0 we 2-1 hasaplar bilen üstün çykdy. 1-nji oýunda Afif, 2-nji oýunda Almoez Ali 2 gol geçirdi. “F” toparçada Yragyň ýygyndysy Filippinleri Basrada 1-0, Manilada 5-0 hasabynda utdy. 2-nji duşuşykda toparyň ýyldyz oýunçysy Hussein 2 gezek tapawutlandy. “H” toparçada-da BAE-niň ýygyndysy Ýemeniň ýygyndysyndan öz meýdançasynda 2-1, Saud Arabystanynda oýnalan jogap duşuşygynda-da 3-0 hasaplar bilen üstün çykdy. Awstraliýanyň ýygyndysy Liwanyň ýygyndysyny Sidneýde 2-0, Kanberrada bolsa 5-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şol sanda “E” toparçada-da Eýrandyr Özbegistanyň ýygyndylary 3-4-nji duşuşyklarynda gol geçirtmezden ýeňiş gazandylar we Dünýä Kubogynyň Aziýa zolagynyň 3-nji saýlama tapgyryna çykmaga ygtyýar aldylar. 3-nji saýlama tapgyryna her toparçadan 2 ýygyndy çykar. Olar 6 toparly 3 toparça paýlanar. Umumylykda Dünýä Kubogy 2026-a Aziýadan 8+1 ýygyndy gatnaşar. Toparçalardaky indiki duşuşyklar 6-njy hem-de 11-nji iýunda geçiriler.

“A”: Katar – Kuweýt: 3-0, Owganystan – Hindistan: 0-0, Hindistan – Owganystan: 1-2, Kuweýt – Katar: 1-2;

“B”: Ýaponiýa – Demirgazyk Koreýa: 1-0, Mýanma – Siriýa: 1-1, Siriýa – Mýanma: 7-0, Demirgazyk Koreýa – Ýaponiýa (oýnalmady);

“C”: Günorta Koreýa – Tailand: 1-1, Singapur – Hytaý: 2-2, Hytaý – Singapur: 4-1, Tailand- Günorta Koreýa: 0-3;

“D”: Hytaý Taýpeýi – Gyrgyzystan: 0-2, Oman – Malaýziýa: 2-0, Gyrgyzystan – Hytaý Taýpeýi: 5-1, Malaýziýa – Oman: 0-2;

“E”: Gonkong – Özbegistan: 0-2, Eýran – Türkmenista: 5-0, Türkmenistan – Eýran: 0-1, Özbegistan – Gonkong: 3-0;

“F”: Indoneziýa – Wýetnam: 1-0, Yrak – Filippinler: 1-0, Wýetnam – Indoneziýa: 0-3, Filippinler – Yrak: 0-5;

“G”: Pakistan – Iordaniýa: 0-3, Saud Arabystany – Täjigistan: 1-0, Iordaniýa – Pakistan: 7-0, Täjigistan – Saud Arabystany: 1-1;

“H”: BAE – Ýemen: 2-1, Nepal – Bahreýn: 0-5, Bahreýn – Nepal: 3-0, Ýemen – BAE: 0-3;

“I”: Awstraliýa – Liwan: 2-0, Palestina – Bangladeş: 5-0, Bangladeş – Palestina: 0-1, Liwan – Awstraliýa: 0-5.