Çagalaryň dürli ýagdaýlarda eşigini dişleýän pursadyna gabat gelen bolsaňyz gerek. Kiçi ýaşly çagalaryň ýa-da bäbegiň daş-töweregindäki zatlary agzyna salmagy bilesigelijilik endigi ýa-da diş gyjynmasy bolup, bu adaty ýagdaý hasaplanýar. Ýöne 6-7 ýaşly çagalaryň ýeňini, eşigini, galamy dişlemegi näme sebäpden ýüze çykýarka?
Çaganyň ösüşinde diş gyjynmasy möhüm orun eýeleýär. Bir zady dişlemek ýa-da çeýnemek öz-özüňi köşeşdirmegiň iň esasy usullarynyň biridir. Syn eden bolsaňyz, bäbekler elini agzyna salýar, esasan hem, başam barmagyny sormagy gowy görýär. Bu endik kiçi ýaşly çagalaryň özüni köşeşdirmegine we diş gyjynmasyndan lezzet almagyna ýardam edýär. Mekdep ýaşyndaky käbir çagalarda bu endik eşiginiň ujuny çeýnemek arkaly ýüze çykýar. Bu olaryň özüni rahatlamagyna we utanýan wagty ünsi sowmagyna ýardam edýär.
Uly ýaşly çagalarda eşigini dişlemek endigi utanýan wagty ýa-da aljyraňňy ýagdaýa düşende ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýa gabat gelnende, ilki bilen çagadan muny bilip ýa-da bilmän edendigini soramaly. Eger bilip edýän bolsa, bu endigiň bäbeklik döwrüne mahsusdygyny aýdyp, uly ýaşly çagalara gelişmeýändigini, köpçüligiň geň görjekdigini düşündirmeli. Bilmän eden halatynda, köpçülikde ýa-da ulularyň ýanynda utanara zadyň ýokdugyny we özüni arkaýyn alyp barmalydygyny aýtmaly.
Egin-eşigini çeýneýän çaga agyz gyjyndyrmasyna jogap gözleýär. Bu endigi 6-7 ýaşly çagalarda gürrüňdeşlik geçmek, sebäbini anyklamak arkaly goýduryp bolar. Kiçi ýaşly çagalaryň ýa-da bäbekleriň eşik çeýnemek endigini ýumşak rezin halkajyklary ýa-da dişlenýän oýnawaçlary alyp bermek arkaly aýryp bolar. Eger-de bu meselä çynlakaý garaýan bolsaňyz, çaga lukmanyna hem ýüz tutup bilersiňiz.