Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanmyzyň röwşen gelejegi bolan ýaşlarmyzy sagdyn ruhly, berk bedenli, ylym-bilimden ýüki ýetik kämil ýaşlar edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bu gaznanyň döredilenine üç ýyl doldy. Geçen sanlyja ýylyň dowamynda gazna tarapyndan ägirt uly işler alnyp baryldy. Gazna döredilen gününden bäri mümkinçiligi çäkli çagalara kömek bermek, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek ýaly işleri alyp barýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çaganyň saglygy dikeldildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan şeýle ynsanperwerlik işleriniň geçirilmegi ýüzlerçe maşgala bagtyýarlyk eçildi. Saglygy dikeldilen, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan çagalar, olaryň ene-atalary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdýarlar. Ynha ýaňy ýakynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezinde bejergi alýan, çagalar bagyna gatnaýan körpejelere mübärek oraza aýynda dürli süýjilikleri goýbermegi ýurdumyzda ösüp gelýän çagalara uly üns berilýändigini görkezýär.
Gazna diňe bir öz ýurdumyzyň däl, eýsem dost-doganlyk ýurtlaryň çagalaryna hem ynsanperwerlik kömek goldawlary berýär. Muňa mysal edip geçen ýylyň dowamynda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömeginiň ugradylandygyny aýtmak bolar.
Ynsanperwerlik, mätäje kömek bermek, sahawatlylyk ýaly ýörelgeler ata-baba ýörelgelerimiz. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, gaznanyň ýurdumyzda we halkara derejesinde alyp barýan döwletli işleriniň geriminiň barha giňelmegi muňa aýdyň mysal bolup durýar. Şeýle sogaply işleriň başynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, halkyň saglygy, abadançylygy, bagtyýarlygy ugrynda alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni,
KA-nyň işjeň agzasy.