Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 45-den gowrak ýurtdan işewür toparlaryň, döwlet edaralarynyň we halkara maliýe guramalarynyň wekillerini bir ýere jemleýän Türkmenistanyň Maýa goýum forumy – TIF 2026 öz işine başlady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän çäre Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we «Türkmen Kongres» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda şeýle sözler bar: Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler esasynda syýasy-ykdysady durnuklylyga, döwletiň maliýe serişdeleriniň uly böleginiň durmuş ulgamyna gönükdirilmegine, serişdeleri rejeli ulanmaga we senagat taýdan yzygiderli ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga esaslanan ösüş ýoluny emele getirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Merkezi Aziýada geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan örän amatly ýerleşmegi we baý tebigy çig mal serişdeleri maýa goýum babatda ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdymyzyň döwlet işgärleri, sebit ýurtlarynyň hökümet wekilleri we hususy maýa goýumçylary bar. Has takygy, Ermenistanyň ykdysadyýet ministri Gevorg Papoýan, «Najd Gate Holding» kompaniýasynyň başlygy şazada Mansur bin Muhammed Al Saud, Katar Döwletiniň Söwda we senagaty ministrliginiň Söwdany ösdürmek we maýa goýumlaryny ilerletmek boýunça ösüş direktory Hamad Mohammed Al-Nasr, «ONU H&C Co.Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti Ýom Ki Hun, şeýle hem Eýranyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary, Eýranyň Maýa goýum, ykdysady we tehniki kömek guramasynyň ýolbaşçysy doktor Mahdi Heýdari dagylar bar.

Foruma Bütindünýä bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň hem-de Maýa goýumlaryny çekmek boýunça agentlikleriň Bütindünýä assosiasiýasynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Forumyň maksatnamasynyň esasy ugurlaryny maýa goýum mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary düzýär. Olaryň hatarynda energetika we nebit-himiýa, «ýaşyl» geçiş, ulag geçelgeleri we Hazar sebiti, sanly ykdysadyýet we emeli aň, oba hojalygy biznesi, syýahatçylyk, şäher infrastrukturasyny ösdürmek we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlar bar.

TIF 2026 iri maýa goýum başlangyçlaryny durmuşa geçirmek we işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin halkara meýdança hökmünde çykyş edýär. Ministrleri, özygtyýarly maýa goýumçylary, halkara maliýe institutlaryny we işewür toparlaryň wekillerini bir ýere jemlemek bilen, forum Türkmenistanyň ykdysadyýetine bolan gyzyklanmany anyk taslamalara, hyzmatdaşlyklara we ykdysady ösüş üçin täze mümkinçiliklere öwürmek üçin şert döredýär.