“Campanies Marcet Cap” sanawyna görä, dünýäniň iň gymmat awiakompaniýalary mälim edildi. Sanawda ABŞ-dan üç, Hytaýda iki, beýleki ýurtlardan bir kompaniýa bar. Ýewropa sebitinden diňe Ispaniýanyň “International Consolidated Airlines” kompaniýasy ilkinji onlukda özüne orun tapypdyr. Irlandiýanyň “Ryanair” awiakompaniýasy birinji orny eýeleýär. Bu kompaniýa ýolagçylara arzan bahadan hyzmat etmegi bilen tanalýar. Awiakompaniýanyň bazar nyrhynyň 33,21 milliard dollardygy mälim edildi. ABŞ-nyň “Delta Air Lines” kompaniýasy ikinji orny eýeläp, bazar nyrhy 29,32 milliard dollara barabar. Bu ýurda degişli bolan “Southwest Airlines” (16,97 milliard dollar) hem-de “United Airlines Holdings” (15,24 milliard dollar) kompanýalary üçünji we dördünji orunlary eýeläpdir. “InterGlobe Aviation” (Hindistan) 15,18 milliard, “Air China” (Hytaý) 14,22 milliard, “Singapore Airlines” (Singapur) 14,09 milliard, Türk Howa Ýollary (Türkiýe) 12,53 milliard “China Southern Airlines” (Hytaý) 12,28 milliard we “International Consolidated Airlines” (Ispaniýa) 10,48 milliard dollar bilen ilkinji onluga giripdir.
Aýgözel Amangeldiýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.