Wagt Ýeriň, Günüň, Aýyň hem-de ýyldyzlardyr planetalaryň hereketlerini ölçemek arkaly hasaplanýar. Mysal üçin, 1 gije-gündiz 24 sagatdan ybarat bolup, Ýeriň öz okunyň daşyndan doly aýlanýan wagtyna deňdir. 365 gün 6 sagatdan ybarat bolan 1 ýylda bolsa, Ýer Günüň daşyndan bir gezek aýlanýar. Ýöne hepdäniň, ýagny 7 günüň hasaplamasy bu matematik amallara esaslanmaýar.
Hepdelik dynç günleriniň käbir ýurtlarda tapawutlydygyna garamazdan, bütin dünýäde bir hepde 7 günden ybarat. Gadymy wawilonlylar astronomiýa ylmyny ösdüren halk bolup, 7-lik belgä uly hormat goýupdyrlar. Ýerli ynançlara görä, 7-lik belgi şowlulygyň, 7 gat asmanyň, 7 bölek ýer böleginiň simwoly hasaplanypdyr. Wawilonly müneçjimler 7 sany asman jisiminiň (Gün, Aý, Merkuriý, Wenera, Mars, Ýupiter we Saturn) bardygyna ynanypdyrlar. Şol sebäpli olar hepdäni 7 güne bölüpdirler. Mundan başga-da, gadymy wawilonlylar Aýyň aýlawyny has gowy yzarlamak üçin 1 aýy
7 hepdä bölüpdirler. Ýöne 1 aýda 7 hepdäniň bolmagy köpçülikleýin kabul edilmändir.
Şol döwürlerde beýleki siwilizasiýalarda hepde günleri başga sanlar bilen aňladylypdyr. Mysal üçin, müsürlileriň 1 hepdesinde 10 gün, rimlileriň
1 hepdesinde 8 gün bolupdyr.
7 günlük hepde hasaby nädip ýaýrady?
Gadymy wawilon medeniýetiniň köp ýurtlara täsir etmegi bilen, biziň eýýamymyzdan öňki VII-VI asyrlarda 60 minutlyk sagat hasaby we 7 günlük hepde düşünjesi kabul edilip başlanýar. 7 günlük hepde düşünjesi ilki bilen parslarda we greklerde peýda bolýar. Asyrlar geçenden soň Aleksandr Makedonskiniň grek medeniýetini köp ýurtlara ýaýradyp başlamagy bilen, Hindistan, Ýakyn Gündogar we Aziýa sebitleri hem 7 günlük hepde kabul edilýär.
Gadymy wawilonlylaryň ynançlaryna görä, oýlap tapylan 7 günlük hepde häzirki wagtda hem bütin dünýäde ulanylyp gelinýär.