Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir raýatyň syýasy, ykdysady, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, döwletiň we jemgyýetiň demokratik kadalaryny, hukuk esaslaryny berkitmek babatdaky giň gerimli işler jemgyýetimiziň öňünde täze wezipeleri goýýar. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» hem Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini iň ýokary derejelere çykarmak ýaly belent wezipeler kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 22-nji fewralda geçirilen mejlisinde bu Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol Maksatnamalar esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklary hem-de ilatymyzy zerur bolan ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köýtendag etrabynda ýerleşýän Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanylmaga berildi. Bu kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik we durmuş şertleri döredilendir.
Watanymyzyň öňünde durýan uly wezipeler we olary amala aşyrmagyň ýollary kabul edilen maksatnamalarda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» anyk kesgitlenendir. Şunda döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler strategiýasynyň durmuş ugurlydygyny bellemelidiris. Watanymyzyň ägirt uly kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagynda ykdysady we durmuş şertleriniň ýakyn arabaglanyşygyna aýratyn üns berilýär. Senagatyň dürli ugurlarynda, gazhimiýa pudagynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda we beýleki pudaklarda ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Şunda döwlet goldawynyň giň ulgamy bilen üpjün edilýän hususy telekeçilige hem möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda kiçi we orta işewürligiň wekilleri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýarlar. Paýtagtymyzda we sebitlerde ähli zerur şertler üpjün edilen ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň we şäherçeleriň gurluşyklary amala aşyryldy. Ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň, saglygy goraýyş we senagat desgalarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan, geçen ýylyň iýunynda açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäherini şeýle taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Mekan NURYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.