Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly täze ösüşlere beslenýär. Bu döwürde ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygary yglan edilip, nyşanynyň kabul edilmegi şol ýylyň çärelerini, jemgyýetiň ruhy ahwalyny çeper beýan edýär. 2024-nji ýylyň şygary Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen kämil goşgusynyň adyny göterip, ýylyň esasy wakasy bilen utgaşyp gidýär. Nesip bolsa, bu ýyl akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler.
Häzirki döwürde şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Şahyryň şygyrlaryny okanyňda, onuň ylmyň dürli ugurlaryndan giň düşünjesiniň bolandygyny görüp bolýar. Şahyr «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip, okamagy, öwrenmegi wagyz edipdir.
Özüniň ölmez-ýitmez edebi mirasy – şygyrlary bilen bütin dünýä tanalýan söz ussadynyň döredijiligi umumadamzat bähbidini goldaýan pikirleri bilen ähmiýetlidir. Parasatly halkymyz şahyryň döredijiligine akyl-paýhas jemlenen miras hökmünde uly ähmiýet beripdir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň edebi hazynasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň 300-e golaý golýazma nusgalary saklanyp, şahyryň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmekde önjeýli işler alnyp barylýar. Şol golýazmalaryň 80-e golaýy Magtymgulynyň bitewi diwanydyr.
Magtymguly Pyragynyň watançylyk, ahlak päkligi, söýgi, mertlik, özbaşdaklyk, agzybirlik, myhmanparazlyk, zenan mertebesi, zähmetsöýerligi, salyhatlylygy barada aýdan pikirleri biziň günlerimize täze şöhle bilen şugla saçýar. Hut şu sebäbe görä, halkymyzda şahyryň şygyrlary nakyldyr atalar sözi hökmünde kalplara nagyşlanyp, dilleriň senasyna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer garaýşy öz halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň üsti bilen ýüze çykýar.
Akyldar şahyr söz terbiýesi hakynda soňsuz baý edebi miras galdyrdy. Olarda hoşsözli, dogry sözli, ýerini bilip sözlemek, sözüňde durmak ýaly söz terbiýesine degişli gymmatly pikirler bar. Şahyr «Delalat ýagşy» atly goşgusyny: «Asla adamzada ajy söz urmaň» diýip, başlamak bilen, hiç bir ynsana ynjydyjy sözleri aýtmazlygy öwüt berýär. «Bir gamly göreňde şirin söz bergil» diýip, dertli adama hoş sözleri aýdyp, onuň göwnüni galkyndyrmagy maslahat berýär. Hoş söz baradaky garaýyşlar şahyryň gyzyldan gymmatly döredijiliginde uly orun eýeleýär. Ol ynsanlaryň hemişe birek-birege ýagşylyk etmeklerini, alkyş almaklaryny isläpdir. Şahyr goşgy setirlerinde uly bolsun, kiçi bolsun, adamlaryň ýagşy sözlerden hoş bolýandygyny nygtaýar.
Şahyr berkarar döwleti arzuw etmek bilen, ynsan mertebesini belende götermegi öz goşgularynyň üsti bilen çeper beýan edipdir. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer pikir-garaýyşlary berkarar ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzýär. Akyldaryň adama hormat-sarpa goýmak we onuň mertebesini ýokary tutmak ýörelgesi Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip kesgitlenilmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygary bilen dabaralanýar.
Magtymgulynyň adamzadyň ruhy päkligini has-da dabaralandyrýan goşgy setirleri, haýsy ýaşda okasaňam, özüne bendi edýär. Munuň özi olaryň ruhy gymmatlyga öwrülendiginiň nyşanydyr. Söz ussadynyň many-mazmuna baý çeper goşgulary adamzat jemgyýetini watansöýüjilige, agzybirlige, ruhubelentlige, mertlige, edermenlige, ar-namyslylyga, halallyga, adamkärçilige çagyrýar. Dana şahyrymyzyň kalba ýakyn, halkyň ýüreginde ebedilik orun alan ajaýyp goşgulary nesilden-nesle geçip, aňymyzda we kalbymyzda ýaşaýar. Onuň baý döredijilik mirasy söze sarpa goýýan adamlara gymmatly edebi hazynadyr.
Gahryman Arkadagymyz «Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir» diýip belläp geçýär. Goý, beýik şahyra hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt ähmiýetli tutumly işleri rowaç bolsun!
Aýsoltan ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.