Hytaýyň tehnologiýa enjamlaryny öndürýän “Xiaomi” kompaniýasy köp wagtdan bäri gürrüňi edilýän elektroulagyny satuwa çykardy. Tanyşdyrylyş dabarynda çykyş eden kompaniýanyň ýolbaşçysy Lei Jun “Xiaomi SU7” atly ulagy özüne düşýän bahasyndan arzan satjakdyklaryny mälim etdi. Şeýle hem ýolbaşçy ulagyň internet arkaly satuwa çykarylan ilkinji 27 minutynda 50 müň sargyt alandygyny habar berdi. Kompaniýanyň ilkinji ulagynyň adaty görnüşiniň bahasynyň 215 müň 900 ýuandygy (29 müň 900 dollar) mälim edildi. Lei Jun bu bahadan satylanda, kompaniýanyň zyýan çekýändigini belledi. Ýurtda “Tesla Model 3” ulagy 34 müň dollardan satylýar. Tanyşdyrylyş dabarasyna awtoulag senagatynda iş alyp barýan beýleki hytaý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy. “Xiaomi” ýolbaşçysy “Nio”, “Xpeng” we “Li Auto” kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna öz ulagyny işläp taýýarlamaga beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.
“Xiaomi”-niň ilkinji ulagynyň üç görnüşi bar. adaty görnüşi ýokarda belleýşimiz ýaly 29 müň 900 dollardan, “SU7 Pro” 34 müň we “SU7 Max” 41 müň 500 dollardan alyjylara iberiler.
76 sekuntda bir ulag öndürilýär
Kompaniýa ulagyň satuwa çykarylan ilkinji dört minutynda 10 müň sargyt alandygyny habar berdi. Ulag sargyt eden müşderilere apreliň ahyrynda ýetiriler. Kompaniýanyň ägirt uly zawodynda her 76 sekuntda bir ulagyň öndürilýändigi bellenildi. Ulagda beýleki hytaýly elektroulag öndürijisi BYD-niň 73,6 kW/sagat kuwwaty bolan “Blade” atly batareýasy oturdylýar. Ulagyň adaty görnüşi bir zarýady bilen 700 kilometr ýol geçip bilýär. Kuwwaty 295 at güýjüne barabar bolan ulag 15 minutlyk zarýady bilen 350 kilometr ýol geçýär.
“Xiaomi SU7 Pro” modeli bolsa, bir zarýady bilen 830 kilometre ýol geçýär. Kuwwaty adaty nusga bilen deň. “Xiaomi SU7 Max” bolsa, iki motorly bolup, kuwwaty 673 at güýjüne barabar. Ulag bir gezekki zarýady bilen 810 kilometre çenli ýol geçýär. Elektroulag 5 minutlyk zarýady bilen 210 kilometre çenli ýol geçýär. Sagatdaky tizligi 265 kilometre ýetýän ulag 0-da 100 km/sagat tizlige bary-ýogy 2,78 sekuntda ýetýär.