Uzakly günki çekilen zähmetden soň radioda berilýän gepleşiklerdir, aýdym-sazlary diňlemegiň lezzeti başga bolýar. Esasan hem “Miras” radioýaýlymynda ýaýlyma berilýän “Türkmen ýoly” atly edebi- çeper gepleşigi diňläniňde onda okalýan edebi-çeper eserler seni özüne maýyl edýär. Şol gepleşigi özüniň gulaga ýakymly, sadadan-mylaýym, mahmal sesi bilen alyp barýan, ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew bilen duşuşyp, onuň durmuş we döredijilik ýoly barada okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.
Batyr Çaryýew Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Çäçdepe obasynda 1972-nji ýylda demirýolçynyň maşgalasynda dünýä inýär. Batyryň atasy Hally aga demirçi ussa bolupdyr hem-de gyrgy tüýdükde saz çalar eken. Batyryň kakasy Rejep aga bolsa otly sürüjisi bolup zähmet çekipdir. Batyryň ejesi Orazgözel eje bolsa ömrüni daýhançylyga bagyş edýär.
Batyr başlangyç bilimi obalaryndaky 29-njy orta mekdepde alýar. Ol, esasan, türkmen dili we edebiýaty, taryh, geografiýa sapaklaryna ýykgyn edipdir. Ol mekdepde mugallymlary, belli şahyr Atajan Annaberdiýew, şeýle-de Gurbanjemal Suhanowa, Altyn Abdyllaýewa ýaly ussatlardan sapak alýar. Batyr örän bilesigeliji, ýatkeş bolýar. Ol ýaşlygyndan çeper eserleri, goşgulary okamagy we ýazuw işleri bilen meşgul bolmagy gowy görüpdir.
Ol mekdepde okaýan döwri paýtagtyň teatrlaryndan obalaryna gelip öz spektakllaryny görkezýän artistleri hem ürç edip synlar eken. Olaryň sahnada döredýän keşpleri ony biparh goýmandyr. Ol mawy ekran arkaly görkezilýän filmleri hem sypdyrman görer eken. Ony, esasan, Türkmenistanyň halk artisti, “Aýgytly ädim” filmindäki Artygyň keşbi bilen adygan Baba Annanowyň sungaty özüne çekipdir. Megerem şol zatlaryň täsiri ýetendir-dä, Batyr orta mekdebi tamamlanyndan soň 1995-nji ýylda artist bolmak maksady bilen Aşgabada gaýdýar. Ol Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň drama we kino aktýorlaryny taýýarlaýan bölümine resminamalaryny tabşyrýar. Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran Batyry okuwa kabul edýärler.
Batyr institutda okan wagty Türkmenistanyň halk artisti, professor Nurmuhammet Keşşikow, Durdymämmet Öräýew, Oguljan Nyýazberdiýewa, Çary Işangulyýew ýaly halypalardan sapak alýar. Batyr bilen bir toparda Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýa Annaýewa, şeýle-de artistler Atamyrat Atamyradow, Suraý Seýidowa, Hojageldi Saparow dagylar hem okaýar. Institutyň soňky ýylynda Batyryň topary diplom iş üçin W.Şekspiriň “Nadaranyň nogtalanyşy” atly eserini sahnalaşdyrýar. Bu sahna oýnunda Batyra baş keşp bolan Petrutçanyň keşbini döretmegi tabşyrýarlar. Batyryň döreden Petrutçasy ýokary baha mynasyp bolýar.
1999-njy ýylda instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlan Batyry şol wagtky A.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatryna işe ýollaýarlar. Bu teatrda Batyra halypa artistler Öwez Gelenow, Öwlýäguly Hojagulyýew, Anna Meläýew, Annamuhammet Gurbanow, Goçmyrat Bekiýew ýaly ussatlar bilen bir sahnada çykyş etmek miýesser edýär. Ýaşlar teatrynyň sahnasynda Batyr ýaş hünärmen hökmünde G.Daňatarowyň “Jelaletdin Soltan” atly spektaklynda baş keşp bolan Mahmyt Ýalwajyň keşbinde çykyş edýär. Şondan soň Batyr “Yşgyň gämisi kenarda” sahna oýnunda Çary Nuryýewyň, “Halas ediň” spektaklynda Ataşyň, “Seljuk söýgüsi” sahna oýnunda Serhen Naýybyň keşplerini ussatlarça janlandyryp, teatryň döredijilik toparyna ýene-de bir ýiti zehinli artistiň goşulandygyny aýan edýär. Soňy bilen bu teatr üçin täze, ähli amatlyklary bolan bina gurlup ulanmaga berlip, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry diýlip atlandyrylýar. Bu teatrda 2014-nji ýyla çenli döredijilikli zähmet çeken Batyr zehinini drama teatrynda synap görmek maksady bilen ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatryna işe gelýär. Batyr bu teatryň döredijilik topary bilen tiz öwrenişip gidýär. Teatryň şol wagtky ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow Batyry güler ýüz bilen garşy alýar. Baş teatryň sahnasynda Batyr birnäçe sahna oýunlarynda çykyş edip, teatr muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolýar. Olardan “Döwlet guşy” atly spektaklynda Berdimuhammet mugallymyň, “Gorkut ata” eposy boýunça sahnalaşdyrylan “Däli Domrul” sahna oýnunda Pudagyň, “Hindi rowaýatynda” Birbalyň, “Giýewleriň bäsleşiginde” Arslan hanyň, ”Gelinlerde” Hekimiň, A.Durdyýewiň “Sen söý meni” atly sahna oýnunda Anna Tartaryň, “Dutaryň owazynda” Kyssalynyň keşpleri halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alnan keşplerdir. Batyr Çaryýew 2001-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleradioýaýlymynyň “Miras” radioýaýlymynyň “Türkmen ýoly” hem-de “Sungat äleminde” atly gepleşiklerini alyp barmak bilen, özüniň mahmal sesi bilen radiodiňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolmagy başardy. Batyr bilen söhbetdeş bolanymyzda ol “Miras” teleradioýaýlymynyň redaktory Gülöwser Sopyýewa bilen “Halypa şägirt” atly telegepleşigi taýýarlaýandyklaryny, şol gepleşigi hem özüniň alyp barmalydygyny buýsanç bilen belledi.
Batyr halypa artist Baba Annanowyň zehinine, artistlik ukybyna uly hormat goýup, halypa artisti hemişe ýüreginde saklap gelipdir. Şol sebäpden hem halypa artist B.Annanow üç gezek Batyryň düýşüne girýär. Birinji gezek ertesi instituta girip synag tabşyrmaly agşamsy, ikinji gezek institutyň gutardyş synagyny tabşyrmaly güni, üçünji gezek hem okuwy tamamlap teatryň gapysyndan ätlejek güni bolup geçýär. Batyr Çaryýew 1998-nji ýyldan bäri özüniň mahmaldan mylaýym sesi bilen ýurdumyzyň Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürilýän filmleriň aglabasynda diktor tekstlerini okap gelýär. Häzirki wagta çenli ol filmleriň sany 150-den geçýär. Batyr Çaryýew kino sungatynda artist hökmünde-de birnäçe keşpleri janlandyrdy. Olardan kinorežissýor Muhammet Söýünhanowyň surata düşüren “Yşkyň ýoly” filmindäki Öweziň, kinorežissýor Halmämmet Kakabaýewyň surata düşüren “Tapakgan” filmindäki esgeriň, dramaturg hem režissýor Baýram Abdyllaýewyň surata düşüren “Borç” filmindäki Begliniň, şonuň ýaly-da kinorežissýor Myrat Orazowyň surata düşüren “Sähra aýdymy” hem-de “Seýis”, kinorežissýor Durdy Nyýazowyň surata düşüren “Düýeguş” filmindäki döreden keşpleri öwgä mynasyp keşplerdir.
Batyr çeper eserleri okamagyň hem aşygy, goşgy okamagyň bolsa ussady. Sportuň ýeňil atletika görnüşi bilen meşgullanýan Batyr dutar saz guralynda çalynýan halk sazlaryny diňlemegi, ýazuw işleri bilen meşgul bolmagy gowy görýär. Ol durmuşda öz meşgul bolýan işlerinden, kärinden lezzet alyp ýaşamagy başarýar. Batyr ýanýoldaşy Suraý bilen iki ogly, iki gyzy terbiýeläp ýetişdirdiler. Çagalarynyň ikisi ýokary okuw mekdebinde, ikisi bolsa orta mekdepde okap ýörler. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolan zehinli sahna ussady hem-de alypbaryjy Batyr Çaryýewyň sungat äleminde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakylýar. Bize bolsa Batyra mundan beýläk hem döredijilik üstünliklerini arzuw edäýmek galýar.
Akmyrat Hojaberdiýew, kino sungatyny öwreniji