29-njy martda Fransiýanyň Prezidentiniň Braziliýa eden saparynyň soňky gününde Emmanuel Makron we Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa esasan ylym, tehnologiýa we innowasiýa pudagynda 20-den gowrak hyzmatdaşlyk şertnamasyna, şeýle hem bikanun altyn gazyp almaklyga garşy resminama gol çekdiler.
Braziliýa tarapynyň beýanatyna görä, şertnamalaryň maksady biodürlülik babatda ylmy hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybarat. Hususan-da, bu Fransiýanyň daşary ýurt bölümi – fransuz Gwianasynyň bilen serhetleşýän Amazon sebitine degişlidir.
Emmanuel Makron tropiki tokaýlary goramak üçin bir milliard ýewro möçberinde maýa goýumyny mälim etdi.