Italiýanyň “Ýuwentus” topary birbada 2 futbolçyny transfer etdi. Turinliler PSŽ-niň fransiýaly hüjümçisi Randal Kolo Muanini 50 million ýewro öz düzümine goşdy. 27 ýaşyndaky Kolo Muani 2024/25 möwsüminiň 2-nji ýarymynda “Ýuwentusda” kärendesine oýnapdy. Geçen möwsümi “Tottenhamda” kärendesine oýnan Kolo Muani PSŽ-den öň Fransiýada “Nant”, “Bulon” hem-de Germaniýada “Aýntraht” toparlarynda çykyş edipdi. Kolo Muani şu wagta çenli klublarda 331 oýunda 95 goly derwezä girizdi.

“Ýuwentus” toparynyň transfer eden 2-nji futbolçysy bosniýaly Kerim Alaýbegowiçi boldy. “Ýuwentus” topary 18 ýaşyndaky ýarymgoragçynyň transferi üçin “Baýere” 32+5 million ýewro berdi. Alaýbegowiç 1-nji iýulda “RB Salsburgdan” “Baýere” geçipdi. Lewerkuzenlilerde 1 oýun hem oýnaman “Ýuwentusa” transfer bolan Alaýbegowiç “RB Salsburgda” geçen möwsüm 44 oýunda 13 goly öz adyna ýazdyrdy. Bosniýa we Gersegowinanyň düzüminde Dünýä Kubogynda 1 gol geçiren Alaýbegowiç italýan kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.