Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda her ýylda tut agaçlarynyň köpçülikleýin ekilmegi diňe bir ýurdumyzda ýaşyl zolagy üpjün etmän, geljekki nesiller üçin taýýarlaýan tebigy peşgeşimiz bolup durýar. Tut agajy ýelli howalarda gorag, yssy howalarda bolsa salkyn saýalyk bolup durýar. Şonuň üçinem öňi tut agaçsyz türkmen öýüni göz öňüne getirmek kyn. Pederlerimiz tut agajyny yhlas bilen ýetişdiripdirler. Olar ýaplaryň, ekin meýdanlarynyň gyralaryna tut ekipdirler. Bu daragt ekin meýdanlarynyň daş-töwereklerine ekilende, ekinleri ýelden, epgekden goraýar. Şeýle hem bu agaç howany arassalap durýar.
Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ajaýyp kitabynda tut agajynyň hem onuň miwesiniň, ýapragynyň, gabygynyň we köküniň guradylan we owradylan görnüşde peýdalanylanda aşgazan, ýürek damar we başga käbir keselleri bejermekde halk lukmançylygynda asyrlar boýy ulanylandygy barada maglumat berýär. Şonuň üçinem “Juwanlygy saklamagyň syry tut agajyny saýalap, tudana mürepbesi bilen çaýlamak” diýip, ýaşulularymyz sadalyk bilen aýdýarlar. “Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer” diýlişi ýaly tut çagalaryň hem hezil edip iýýän, sabyrsyzlyk bilen garaşýan iýmişleriniň biridir. Ony öz eliň bilen ýygyp iýmegiň hem lezzeti bar. Allanyň beren rysgyny tutdan ýasalan gap-gaçlarda iýseň, janyňa em bolar.
Tut agajynyň şahalarynyň örän dykyz we berkligi üçin, ol çynar agajy ýaly uly we owadan bolýar. Şeýle tutlaryň biriniň kölegesinde 30-40 adam kölegeläp bilýär. Diýarymyzyň toprak-howa şertlerinde 300 ýyla, hatda 500 ýyla çenli ýaşap bilýäni tut agajy kesilmän duranda 18-20 metr beýiklige çenli ösüp bilýär. Onuň saýasynda gowy dynjyňy alsaň, gan aýlanyşyň kadalaşýar. Nurana gojalarymyzyň dynç alýan çaglary, olary köplenç tut agajynyň saýasynda görmek bolýandygy hem şonuň üçindir. “Saýaly agajyň sazy uz, galyň garly ýylyň ýazy uz” diýen pähimler bolsa, ata-babalarymyzyň köňül mukamyndan dörändiginden habar berýär. Tut agajy arassalygy, owadanlygy, berkligi, dürli kesellere durnukly häsiýeti bilen hem tapawutlanýar. Şonuň üçin il içinde “Janyň tut ýaly sag bolsun!” diýen ýagşy dileg edilýär.
Tuduň agajy dürli ýurtlarda dürli maksatlar üçin ulanylýar. Gadymyýetde Hytaýda onuň gabygy kagyz önümçiliginde ulanylypdyr. Ýurdumyzda hem ösdürilen bu senet häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Ata-babalarymyz tut agajynyň berkligi üçin ondan atyň eýerini, şeýle hem soky, çemçe, susak, okara, oklaw, ýanlyk ýaýmak üçin gaplar, sallançak ýaly gündelik durmuşda ulanylýan zatlary ýasapdyrlar. Sallançak baglamak üçin hem ýörite niýetlenip tut agaçlary ekilipdir. Tuduň goýy saýasynda gurlan sallançakda çaga rahat ýatypdyr. Tutdan ýasalan daraklar saçlary aralap geçende, kelläňdäki gan damarjyklarynda ganyň aýlanyşyny kadalaşdyrmaga peýda edýär. Aýdym-sazyň piri Babagammaryň ilkinji bolup tut agajyndan dutar, egrilen ýüpek sapakdan bolsa onuň kirşini ýasandygy barada rowaýatlar aýdylýar. Munuň üçin köp ýyl ýaşan tut agajy ulanylypdyr. Ondan dutaryň gazma tarapy, ýagny kädisi taýýarlanypdyr.
Tut agajynyň ýylan tut, leýlisaç tut ýaly görnüşleri bezeg ösümligi hökmünde ekilýär. Ýylan tuduň sütünleriniň egrem-bugram bolup ösýänligi üçin, leýlisaç tuduň şahalarynyň aşak sallanyp, saça meňzäp duranlygyna esaslanyp şeýle atlandyrylýar. Bular Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde bezeg agajy hökmünde ösdürilýär. Şonuň üçin hem bezeg maksady bilen şäherleriň köçeleriniň ugruna, ymaratlaryň, edara-kärhanalaryň, köşkleriň öňlerine ekilipdir.
Ýag iýip, ýüpek geýersiň. Türkmen halkynyň arasynda giňden ýaýran bu mahabatlandyryjy sözleriň haçan dörändigini aýtmak çetin. Tuduň atlaz ýaly ýapragyny iýýän gurçuk ýüpek mata üçin ýüplügi öndürýär. Diýmek, tut agajynda bir hikmet bolmaly. Gurçugyň saran pilesinden alynýan ýüpekden dokalan lybaslary geýen gelin-gyzlarymyz çog gyzyl bolup, türkmeniň läle-reýhana gark bolan ýaşyl ýaýlalaryny ýatladypdyr. Arassa ýüpek piläniň iň saýlamalaryndan dokalýan keteni şolaryň naýbaşysy hasaplanýar. Keteni – hiç haçan gadyryny, gymmatyny gaçyrmadyk hem gaçyrmajak mata. Ol diňe türkmen gelin-gyzlarynda duş gelýän türkmeniň iň bir millilige ýugrulan matasydyr. Ony gelin-gyzlarymyz elde ýerine ýetirýän keşdesidir gaýmasy, basmasydyr pugtamasy, alajasydyr jähegi bilen gözel görke getiripdirler. Älemgoşar öwüşginli reňbe-reň keteniden tikilen owadan milli türkmen lybaslarymyz bolsa gözellerimiziň görküne görk goşup, olara gaýtalanmajak millilik ruhuny çaýypdyr. X asyrda ýaşap geçen arap syýahatçysy Al Istahri türkmen topragynda bolanda, bu gözel ülkede dünýäniň hiç bir ýurdunda görmedik ýüpek atlazlara, nah matalara gabat gelendigi barada maglumat galdyrypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimizde ýüpekçiligi ösdürmäge uly üns berilýär. Sebäbi ýüpekçilik pudagy dokma senagatynyň we oba hojalygynyň örän gadymy we möhüm pudaklarynyň biridir. Şol esasda häzirki wagtda piläniň bereketli hasylyny öndürmek, dokma senagatymyzy ýokary hilli ýüpek çig maly bilen üpjün etmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Ýüpekçilik bolsa,esasan tut ýapraklaryna bagly. Sebäbi ol ýüpek gurçugyny idetmekde esasy iýmit bolup durýar.
Görnüşi ýaly tut agajy, ýapragy we hünji ýaly tudanasy biziň durmuşymyza mäkäm ornaşyp gidipdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkymyza peşgeş berlen “Paýhas çeşmesi” dürler hazynasynda: “Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň” diýip bellenilmegi hem bu gadymy agajyň adamzadyň durmuşynda uly ornunyň bardygyny subut edýär.
Mahmyt Ýazow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy.