1960-njy ýylyň 1-nji aprelinde “TIROS-1” (Television InfraRed Observation Satellite/Telewizion infragyzyl gözegçilik hemrasy) emeli hemrasy arkaly ilkinji telewizion şekil kosmosdan iberilýär. Adynda telewizion sözi bar hem bolsa bu emeli hemra howanyň ýagdaýynyň çaklamak maksady bilen işlenip taýýarlanýar. Agramy 122 kilogram bolan enjam Ýeriň aşaky orbitasyny uçurylyp, Ýeriň ýüzüni başga bir tarapdan – kosmos giňişliginden synlamaga mümkinçilik berýär. Tegelek şekilli emeli hemrada iki sany telewizion kamera hem-de bir sany telefony linzasy bolýar. Taslama gowy netije berensoň, howanyň ýagdaýyny çaklamakda we klimaty öwrenmekde emeli hemralar giňden ulanylyp başlanýar.