Tennis boýunça ABŞ-da geçirilen “Maýami Açyk” “Masters” ýaryşynda erkekleriň arasynda italiýaly Ýannik Sinner çempion boldy. 1 sagat 13 minut tamamlanan erkekleriň arasyndaky finalda Sinnere bolgariýaly Grigor Dimitrowy ýeňmek kyn düşmedi. 1-nji setde 6:3, 2-nji setde 6:1 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Ýannik Sinner “Maýami Açykdaky” 3-nji finalynda ilkinji çempionlygyny baýram etdi. 2-nji gezek “Masters” ýaryşlarynda çempion bolan Sinner 2021-nji we 2023-nji ýyllarda finalda utulypdy. Bu çempionlykdan soň sanawda 3-nji ýerden 2-nji orna beýgelen Sinner karýerasy boýunça 13-nji kubogyny gazandy.