1902-nji ýylyň 16-njy aprelinde ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles şäherinde “Electric Theatre” atly ilkinji kinoteatr açylýar. Ondan öň düşürilýän, köplenç kiçi göwrümli we çeperleşdirilmedik, ýagny wokzal, bazar ýaly diňe gündelik durmuşyň bir bölegi görkezilýän “dokumental” filmler adaty teatr sahnalarynda ýa-da restoranlarda “göçme kino”arkaly köpçülige ýetirilýärdi. 1912-nji ýylda kinoteatryň tomaşaçylaryna ilkinji gezek reňkli film görkezilýär.
Bu bina diňe kino görkezilmek üçin Tomas Linkoln Talli tarapyndan gurulýar. Talliniň bu başlangyjy ýurtda kinoteatrlaryň gysga wagtda köpelmegine getirýär. Eýýäm 1907-nji ýylda ABŞ-da üç müň, 1910-njy ýylda 10 müň kinoteatr peýda bolýar.
Talli 1917-nji ýylda Jeýms Dikson Wilýams bilen bilelikde “First National Pictures” kompaniýasyny hem esaslandyrýar.
Käbir çeşmelerde binanyň 2-nji ýa-da 6-njy aprelde açylandygy barada hem maglumatlar bar.