Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) baş müdiri wezipesine fransuz syýasatçysy, ozalky medeniýet ministri Odre Azule saýlandy. Guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalarynyň agramly bölegi onuň dalaşgärligini goldady.
Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ÝUNESKO-nyň Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýän merkezi binasynda ses berlişik geçirildi. Ýerine ýetiriji geňeşiň düzümine girýän 58 ýurduň 30-sy Odre Azule üçin ses berdi. Onuň esasy bäsdeşi katarly diplomat Hamad ben Abdelaziz al-Kawari 28 ses aldy. Ýerine ýetiriji geňeşiň çäklerinde geçirilen ses berlişigiň 5-nji tapgyrynyň netijesinde, guramanyň täze baş müdirini saýlamak mümkinçiligi boldy.
Öňümizdäki aýda ÝUNESKO-nyň 39-njy Baş maslahaty geçiriler. Şol maslahatda baş direktory Odre Azuleniň wezipesi tassyklanar. Guramanyň döredilen gününden bäri, Fransiýanyň wekili ikinji gezek baş müdirlige saýlandy. Fransiýanyň ilkinji dalaşgäri 50 ýyl mundan ozal, halkara gurama ýolbaşçylyk edipdi. Şonda Ýerine ýetiriji geňeş pelsepe ylymlary boýunça professor Rene Maýonyň dalaşgärligini goldapdy.
ÝUNESKO-nyň baş müdiri wezipesine 9 ýurt dalaşgär hödürledi. Ýöne ses berlişige başlamazdan ozal, Gwatemala bilen Yrak dalaşgärlerini yzyna çekdi. Saýlaw döwründe Azerbaýjan, Wýetnam, Hytaý we Liwan hem dalaşgärlerini yzyna çekmek kararyna geldi. Ses berlişigiň jemleýji tapgyryna Müsüriň, Fransiýanyň hem-de Kataryň dalaşgärleri galdy we olaryň arasyndan fransuz syýasatçysy öňe saýlandy.