Milli medeniýetiň galkynmagynyň binýadynda kitap we kitaphanalaryň orny örän uludyr. Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr.
Häzirki wagtda ýaşlary kitap okamaga höweslendirmek babatda ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredilýär. Döwletimiziň ähli künjeginde hereket edýän kitaphanalar ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýşynyň, sagdyn düşünjesiniň bolmagyna getirýär. Kompýuter ulgamynyň ösmegi bilen elektron kitaphanalara hem giň ýol açyldy. Häzirki wagtda dürli çeper we ylmy eserleri kompýuter ulgamynyň üsti bilen okap, öwrenip bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň kämilleşmegi, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ençeme täze kitaplaryň neşir edilmegi, kitaphanalaryň açylmagy, bar bolan kitaphanalaryň kitap gorlarynyň hem çap edilen kitaplar we elektron kitaplar arkaly üstüniň ýetirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginden habar berýär.
Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar.
Kitaba uly sarpa goýýan türkmen halkymyz üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan kitaplary hem uly gollanma bolup hyzmat edýär. Golaýda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly, şöhratly taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, müňlerçe ýylyň dowamynda dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen, netijede, gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýäde ykrar edilen Änew medeniýetine bagyşlanan «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň şeýle taryhy maglumatlara baý bolan «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň gadymy Änew topragyny, şöhratly taryhymyzy öwrenmekde uly gollanma boljakdygyna çyn ýürekden ynanýarys.
Taryhymyza çuňňur sarpa goýup, halkymyzy nurana geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Laçyn KULIÝEWA, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Kitaphanaçylyk işi” bölüminiň mugallymy.