Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary birnäçe wagtdan soň, iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Duşenbeniň Halkara howa menziline gondy.
Bu ýerde düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.