Çagalyk ýyllarynyň iň gyzykly güýmenjeleriniň biri hem welosiped sürmek bolsa gerek. Megerem, iki tigirli ulagda gezelenç etmegi, aýlanmagy hemmäňiz halaýansyňyz. Eýsem, welosiped ilkibaşda nähili görnüşde bolduka? Bu sport ulagyny kimler oýlap tapdyka? Geliň, welosipediň taryhy bilen gysgaça tanyş bolalyň!
Taryhda ilkinji welosipediň nirede, haçan we kim tarapyndan oýlanyp tapylandygy barada dürli pikirler bar. Häzirkilere meňzeş ilkinji welosipedi 1790-njy ýyllarda fransiýaly Siwrakyň oýlap tapandygy barada aýdylýar. «Celeripede» diýlip atlandyrylan bu ulagyň iki tigiri we gaty agaç gabarasy bolupdyr. Çarhy bolmadyk ilkinji welosipedi aýagyňy gezekleşdirip bat almak arkaly sürmeli bolupdyr. Tutawajy we oturgyjy hem bolmadyk bu ulagyň gitmeli ugruny sürüji bedenini saga ýa-da çepe egmek arkaly kesgitläpdir. Köpler ilkinji welosipediň fransuzlar tarapyndan oýlanyp tapylandygyny tassyklaýan hem bolsa, köpler iki tigirli ulagy nemesleriň oýlap tapandygyny aýdýarlar. 1817-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Karl fon Drez welosipediň kämil görnüşini köpçülige hödürleýär. Iki tigirli agaç çarçuwaly ulaga dolandyryjy tutawaç we oturgyç goýup, «draisienne» (ylgamak üçin ulag) atly welosipedi oýlap tapýar. Şol wagt täze işlenip düzülen welosipediň agramy 22 kilogram bolupdyr. Welosipediň agyrlygy sebäpli, aýagyň bilen itekläp sürmek kyn düşüpdir. Köpler iki tigirli ulagy sürenlerinde çalt ýadaýandyklary sebäpli nägilelik bildiripdirler.
1839-njy ýylda şotlandiýaly Kirkpatrik Makmillan welosipediň esasyny düzýän agaç çarçuwany metal sim bilen çalyşýar. Öňki tigiriň iki gapdalynda welosipedi herekete getirmek üçin öňe-yza gezekleşdirip hereket etdirilýän pedal hem goýýar. Indi welosipedi sürmek biraz aňsatlaşyp, köpçülikleýin ulanylyp başlanýar. 1850-nji ýyllarda deňagramlylygy saklamak meselesini çözmek üçin goşmaça üçünji we dördünji tigirleri bolan welosiped peýda bolýar. Ýöne bu köpçülikleýin ulanylmaýar. 1860-njy
ýyllaryň başynda fransuz oýlap tapyjysy Pýer Mihauk pedaly öňki tigirinde bolan, iki tigiriniň arasy gaty ýakyn welosipedi işläp düzýär. Agyr demir çarçuwadan we demir tigirden düzülen bu welosipedi çarkandakly ýollarda sürmek kyn düşüpdir. Şol sebäpli bu iki tigirli ulag «süňk titremesi» diýlip atlandyrylypdyr. 1868-nji ýylda demir tigirleriň daşy rezin bilen örtülýär. Şeýlelikde, welosiped çarkandakly ýollardan «titremän», böküp geçýär. 1870-nji ýyllaryň başynda iňlis oýlap tapyjysy Jeýms Starli has çalt hereket edip biljek welosipedi oýlap tapýar. Starliniň welosipediniň öňki tigiri yzky tigirinden has uly bolup, pedaly, oturgyjy we tutawajy öňki tigirinde ýerleşipdir. Şol döwürleriň meşhur ulagy hasaplanan uly tigirli welosiped soňlugy bilen adamlarda nägilelik döredipdir. 1885-nji ýylda iňlis oýlap tapyjysy Jon Kemp Starli deň ölçegli tigirli, zynjyrly, ýeňil metal çarçuwadan düzülen, häzirki zaman welosipedine meňzeş ulagy işläp düzýär. Bu şol wagta çenli oýlanyp tapylan welosipedleriň içinde has ýeňil we çalt hereket edýän welosiped hasaplanýar. Şol ýyllar welosipede dişli çarhyň ornaşdyrylmagy uly öwrülişik bolup, ýel berilýän tigirler hem oýlanyp tapylýar.
Häzirki wagtda welosipediň dürli ugurlara niýetlenen görnüşleri bar. Dag welosipedlerinden başlap, ýaryş welosipedleri, ýük daşalýan, çagalardyr zenan maşgalalar üçin niýetlenen dürli görnüşi bar. Daşky gurşaw üçin amatly bolan iki tigirli ulag serişdesiniň meşhurlygy soňky ýyllarda has hem artdy. Köp ýurtlarda raýatlar durmuş maksatly hyzmatlarda welosiped ulanmagy laýyk görýärler. Häzirki wagtda dünýäde 1,5 milliarddan gowrak welosiped bar.