Türkmenistan dünýäniň depginli ösýän ykdysadyýetleriniň birine eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu ugurda iki ýurduň arasynda guralýan ýokary derejedäki saparlar, duşuşyklar hem aýdyň mysaldyr. Golaýda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meselelere gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşyk iki ýurduň arasynda hususan-da, ýangyç-energetika, ulag hem-de beýleki möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi üçin giň mümkinçilikler döretdi. Gahryman Arkadagymyz türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesiniň bardygyny belläp, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek, ýurdumyzda ýaşlara koreý dilini öwretmek boýunça okuw merkezini gurmak bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, gazhimiýa, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän senagatda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.
Soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň depginli ösüşi iki ýurduň köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagy ugur edinýändikleri bilen şertlendirilendir. Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda köp sanly taslamalar amala aşyryldy.
«Hyundai Corporation», «LX International Corp.», «Daewoo Engineering and Construction» ýaly iri koreý kompaniýalary türkmen bazarynyň örän möhüm ulag, gaz we himiýa senagaty hem-de ençeme beýleki pudaklarynda köp wagtdan bäri üstünlikli işläp gelýärler. Dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan «Galkynyş» käninde gazy gaýtadan işlemek boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär.
Awtoulag ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzire çenli Koreýa Respublikasyndan Türkmenistana ýeňil awtoulaglaryň we ýolagçy awtobuslarynyň müňlerçesi iberildi. Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Bu döwlet Aziýa – Ýuwaş umman sebitinde ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň biri hasaplanýar. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy.
Geçen taryhy döwürde däp bolan türkmen-koreý hyzmatdaşlygy iki ýurduň mümkinçiliklerine we häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda ileri tutulýan ugurlarda yzygiderli ösdürildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda döredilen Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň işiniň uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi üçin möhüm gurallar bolup hyzmat edýändigini nygtamak gerek. Şeýle-de, biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn esasda, şol sanda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» görnüşinde netijeli gatnaşyklary ösdürýärler.
Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Olaryň hatarynda «Hyundai Engineering» we «LG International» kompaniýalarynyň «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça guran desgalaryny mysal görkezmek bolar. Şeýle hem koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy maliýeleşdirildi we guruldy.
Göwher ANNAMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.