We­lo­si­ped sür­me­giň sag­lyk üçin uly äh­mi­ýe­ti bo­lup, ae­robik maşk­lar top­lu­my­ny eme­le ge­tir­ýär. Adam sag­ly­gy bi­len bag­ly is­len­dik ze­rur­ly­gy ka­na­gat­lan­dy­ryp bil­ýän­di­gi se­bäp­li, we­lo­si­pe­di dür­li ýaş­da­ky adam­lar sü­rüp bil­ýär. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan adam­lar öz­le­ri­ne sportuň has ýa­kyn gör­nüş­le­ri­ni saý­lap al­ýar­lar. My­sal üçin, yl­ga­mak, suw­da ýüz­mek, kon­ki­li ýa-da ro­lik­li typ­mak, sport mer­kez­le­ri­ne gat­nap, be­de­ni ber­kit­mek we ş.m. We­lo­si­ped sür­mek hem sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan adam­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi­niň iň gy­zyk­ly güý­men­je­si­dir. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de welosiped sür­mek­li­ge is­leg ýo­kar­la­nyp, we­lo­si­ped­çi­ler üçin ýö­ri­te ýol­lar gu­rul­ýar, ka­nu­ny düz­gün­na­ma­lar güý­je gi­ri­zil­ýär.
Iki ti­gir­li ula­gyň peý­da­sy sa­nar­dan köp­dür. Welosiped sür­mek ada­my be­den taý­dan tap­la­ma­ga, wag­ty­ny gy­zyk­ly we tä­sir­li ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. We­lo­si­ped sür­ýän her bir adam özün­de oňyn üýt­geş­me­le­riň bo­lup geç­ýän­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär. We­lo­si­ped sür­mek iş­jeň dur­muş ýö­re­l­ge­si­ne eýer­mä­ge kö­mek ed­ýän, fi­zi­ki we akyl sag­ly­gy­ny ös­dür­ýän maşk­lar top­lu­my­dyr. Ge­liň, we­lo­si­ped sür­me­giň yl­my taý­dan su­but edi­len peý­da­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

  • We­lo­si­ped sür­mek ýü­rek-da­mar ul­ga­myn­da dö­räp bil­jek howp­lar­da­ky tö­wek­gel­çi­li­giň öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär, gan ba­sy­şy­ny ka­da­ly ýag­daý­da sak­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, welosiped sür­ýän adam­da ýü­rek agy­ry how­py 50 göterime çen­li azal­ýar.
  • Ag­ra­my, tak­my­nan, 50-55 ki­log­ram bo­lan we­lo­si­ped­çi aýa­gyň, ar­kanyň, gar­nyň we bag­ryň myş­sa he­re­ke­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len, or­ta­ça tiz­lik­de 150-250 ka­lo­ri­ýa sarp ed­ýär. Bu bol­sa, ada­myň ar­tyk­maç ag­ram­dan dyn­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
  • Nä­dog­ry dem alyş öý­ke­niň işi­niň bo­zul­ma­gy­na se­bäp bol­ýar hem-de be­den ze­rur bo­lan kis­lo­rod bi­len üp­jün edil­me­ýär. We­lo­si­ped ada­myň has ra­hat, has çuň we rit­mi­ki dem al­ma­gy­na iter­gi ber­ýär. Bu bol­sa, öý­ke­niň kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär. We­lo­si­ped dem alyş ul­ga­myn­da ýyl­lar­bo­ýy top­la­nan tok­sin­le­ri hem aras­sa­la­ýar.
  • We­lo­si­ped sür­len­de be­de­niň myş­sa­lar ul­ga­my ep-es­li güýç­len­ýär. Dy­zyň, but myş­sa­la­ry­nyň he­re­ke­ti ar­typ, esa­sy ag­ram aýa­ga düş­ýär. Aýak çar­hy aý­la­mak üçin ener­gi­ýa sarp ed­ýär. Bo­gun­lar­da­ky sür­tül­me pe­selip, şi­kes ýet­mek äh­ti­mal­ly­gy azal­ýar. Bu, esa­san, dy­zyň iş­jeň iş­le­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Mun­dan baş­ga-da, ga­ryn, ba­gyr myş­sa­la­ry, oňur­ga bo­gun­la­ry, mus­kul do­ku­ma­la­ry, bar­mak bo­gun­la­ry, çi­gin­ler güýç­li he­re­ket esa­syn­da iş­jeň­le­şip, adam­da de­ňag­ram­ly he­re­ket eme­le gel­ýär. We­lo­si­ped sürmek ys­maz ke­se­li­niň, gan-da­mar ul­ga­myn­da dö­räp bil­jek howp­la­ryň öňü­ni al­ýar.
  • Bir­nä­çe bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de, we­lo­si­ped sür­me­giň iş­dä­ňi do­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýän­di­gi subut edildi. We­lo­si­ped sür­len­de iş­dä­men­lik gor­mo­ny iş­jeň­le­şip, adam­da ka­da­ly iý­mit do­la­ny­şy­gy eme­le gel­ýär.
  • We­lo­si­ped sür­mek be­den üçin örän peý­da­ly bo­lup, be­je­riş tä­si­ri­ne eýe­dir. Aras­sa ho­wa­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän we­lo­si­pedli ge­ze­lenç stres­den dyn­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
  • We­lo­si­ped sür­len wag­ty sarp edil­ýän ener­gi­ýa gi­je ra­hat uk­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Ka­da­ly uky adam sag­ly­gy­nyň iň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Luk­man­lar go­wy uk­la­mak üçin ýat­maz­dan 4 sa­gat öň we­lo­si­ped sür­me­gi bes etmegi mas­la­hat ber­ýär­ler.
  • Ir­den kä­te dö­räp bil­ýän aňyň bu­laş­ma­sy, kel­la­gy­ry ýa­ly ýag­daý­lar we­lo­si­ped sür­mek ar­ka­ly aň­sat­lyk bi­len çö­zül­ýär. We­lo­si­ped beý­ni­dä­ki gan aý­la­ny­şy­ny go­wu­lan­dy­ryp, iş­jeň­li­gi ýo­kar­lan­dyr­ýar.
  • We­lo­si­ped sür­ýän adam­ di­ňe bir ru­hy taý­dan däl, eý­sem, be­den taý­dan hem ýa­şar­ýar. Fit­nes tä­lim­çi­le­ri­niň pi­ki­ri­çe, 100 mi­nut we­lo­si­ped sür­mek her gün 20-30 mi­nut yl­ga­mak­dan has peý­da­ly­dyr. We­lo­si­ped sür­ýän­le­riň myş­sa­la­ry has güýç­len­ýär, me­ta­bo­lik alyş-ça­lyş ep-es­li çalt­laş­ýar we de­ri sag­dyn hem-de ýaş gö­rün­ýär.
  • We­lo­si­ped daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ulag­dyr. Her bir we­lo­si­ped­çi daş­ky gur­şa­wa bö­lü­nip çyk­ýan zy­ýan­ly mad­da­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­mak bi­len jem­gy­ýe­te peý­da ge­tir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, welosiped sürýän adam ulag dyk­ny­şyk­la­ry­nyň azal­ma­gy­na we ýan­gyç tyg­şyt­ly­ly­gy­na öz go­şan­dy­ny goş­ýar.
  • We­lo­si­ped sü­re­ni­ňiz­de ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý edip, ýü­ze çy­kyp bil­jek şi­kes­len­me­ler­den özü­ňi­zi go­raň! Her ge­zek ýo­la çy­ka­ny­ňyz­da we­lo­si­pe­diň umu­my ýag­da­ýy­ny göz­den ge­çir­me­gi we go­rag baş­ga­by­ny geý­me­gi ýat­dan çy­kar­maň! Ýo­lu­ňyz ak bol­sun!