Hormatly Prezidentimiz milli baýramlarymyzyň ýokary derejede geçirilmegine, şol gymmatlyklarymyzyň many-mazmunynyň ýaş nesli halal, Watana wepaly edip ýetişdirmekdäki ähmiýetine aýratyn üns berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen bu ajaýyp ýylymyzda-da mukaddes Oraza aýy dowam edýär.
Mübärek Oraza aýynyň ahyryndaky mukaddes Gadyr gijesi has ähmiýetli hasaplanýar. Bilşimiz ýaly, gadyr sözi gymmatly, juda hormatly diýmekligi aňladýar. Mukaddes Gurhanda «Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlyrak» diýilýär. Şonuň üçin ol barça günlerden we gijelerden gymmatly hem-de ähmiýetlidir. Ata-babalarymyz hemişe tämizlige, päklige gadyr goýupdyrlar. Oraza baýramyna, Gadyr gijesine ata-babalarymyzyň aýratyn hormat goýanlygy hem şonuň üçindir. Oraza aýy şükranalygyň, sabyr-kanagatyň, päkligiň, tämizligiň, doganlyk-dostlugyň aýydyr. Ol ynsanlara dilini gep-gybatdan, kalbyny ýaman niýetden arassa saklamagy, harsydünýälikden, göriplikden, duşmançylykdan, bahylçylykdan saklanmagy ündeýär.
Oraza aýynda adamlar agzaçara ýygnanyp, hal-ahwal soraşýarlar, öten-geçenleri ýatlap aýat-töwir edýärler. Şeýle hem bu mübärek Oraza aýynda her bir maşgalada çapady, byzmyk ýaly nygmatlar bişirilip, «Agzybirlik, baş saglygy bilen indiki aýlara, ýyllara özüň ýetir» diýlip, Beýik Biribardan dileg edilýär.
Gadyr gijesi Oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gije bellenilýär. Araplar oňa «Leýlýat al-kadr» diýýärler. Onuň manysy «Ýazgyt çözülýän gije» diýmegi aňladýar.
Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň 372-373-nji sahypalarynda şeýle beýan edilýär. «Muhammet aleýhyssalam Remezan aýy bilen baglanyşykly şeýle diýipdir: «Her kim Remezan aýynda bir gije ybadat etse, gündiz ýalançylykdan, gybatdan, töhmetden, şugulçylykdan özüni saklasa, Haktagala ol bendä müň aý ybadat edeniň sogabyndan hem köpräk sogap berer».
«Gijeleriň serweri Gadyr gijesidir, Gadyr gijesi Remezan aýynyň ýigrimi ýedinji gijesidir».
«Her wagt Gadyr gijesi bolsa, Jebraýyl aleýhyssalam perişdeler bilen geler. Asmanyň iň aňry çäginden gelen ol perişdeleriň sanyny bir Allatagala biler. Özge kimse bilmez. Olar jahany seýran ederler. Her jaýda Allatagalany ýatlap oturan mömin kişiler bar bolsa, olara Allatagalanyň rehmetini dökerler. Daň atandan, ol perişdeler asmana çykarlar».
Gadyr gijesine aýratyn hormat goýulmagy şol gije Muhammet pygambere Alla tarapyndan keremli Gurhanyň aýatlarynyň iberilmegi bilen baglanyşyklydyr. Gadyr gijesinde dürli nygmatlar bişirilip, goňşokara paýlanylýar. Goňşular, dogan-garyndaşlar biri-biriniň tagamyny alşyp, «Kabul bolsun!» diýýärler, öten-geçenleri ýatlap, aýat-töwir edýärler. Aýlar içinde Remezan aýy, gijeler içinde Gadyr gijesi, günler içinde juma güni örän belentdir.
Sogaby müň gijäniň sogabyna barabar görülýän Gadyr gijesiniň hormatyna bendilikde oturanlaryň günäsiniň geçilmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan Remezan aýynda edilýän amallaryň iň sogaplylarynyň biri hökmünde halkymyz tarapyndan kabul edilýär. Bu ynsanperwerlikli iş asylly däbe öwrülip, adamlary ýagşy işlere höweslendirýär, maşgala ojaklaryna şatlyk paýlaýar. Azaşany ýola salmak, büdräne goltgy bermek halkymyzyň ýörelgesi, milli häsiýeti. Şu häsiýet Remezan aýynda has doly ýüze çykýar. Halkymyzyň «Her gijäni Gadyr bil, her geleni Hydyr bil» diýen sözleri hem ata-babalarymyzyň bu gijäniň derejesini nähili ýokary göterendigine şaýatlyk edýär.
Oraza aýynda il-günümiziň tutan orazasy, eden ybadatlary Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!
Hydyrguly WOHANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.