1896-njy ýylyň 6-njy aprelinde Gresiýanyň paýtagty Afinyda ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlary geçirilýär. 10 günläp dowam eden I tomsuky Olimpiýa oýunlarynda sportuň 9 görnüşinden 43 bäsleşik geçirilýär. Halkara Olimpiýa Komitetiniň habar bermegine görä, bu ýaryşa 14 ýurtdan (käbir çeşmelerde 12–13 ýurt hem diýilýär) 241 türgen gatnaşýar. Olimpiadanyň açylyş dabarasy, şol sanda ençeme ýaryş “Panatinaiko” stadionynda geçirilýär. Bu Olimpiadada ýeňijilere altyn däl-de, kümüş medal berilýär. Onuň ýany bilen diplom, zeýtun agajynyň baldagy, 2-nji ýeri alanlara mis medal, şol sanda diplom we lawr agajynyň ýapragy gowşurylýar. Ýöne Halkara Olimpiýa Komiteti soň-soňlar olaryň medallaryny häzirki ýagdaýdaky ýaly diýip kabul edýär we sanawa adaty ýagdaýda – altyn, kümüş, bürünç medallar diýlip hasaba alýar. Medal sanawynda ABŞ 1-nji (häzirki ýaly hasaba alnanda, 11 altyn, 7 kümüş, 2 bürünç), ýer eýesi Gresiýa 2-nji (10 altyn, 17 kümüş, 19 bürünç), Germaniýa 3-nji (6 altyn, 5 kümüş, 2 bürünç) ýeri eýeleýär. Bu Olimpiada diňe erkekler gatnaşýar.

Suratda: German topary