Golaýda dünýä jemgyýetçiligi meşhur ispan ýazyjysy Migel de Serwantes Saawedranyň ýubileýini belläp geçdiler. Migel de Serwantes Saawedra 1547-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda garyp galan dworýan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň tebip kakasy idalgo Rodrigo de Serwantes, ejesi Donýa Leonor de Kortina bolsa, garyp düşen dworýanyň gyzy bolupdyr. Serwantesiň durmuşynyň irki döwürleri barada az maglumatlar saklanyp galyp, hatda onuň doglan senesi hem çen bilen goýlan. Serwantes ýaşlykda Ispaniýanyň deňiz güýçlerinde esger bolup gulluk edýär, 1571-nji ýylda Lepantonyň golaýynda bolan agyr söweşde üç ýerinden ok degip ýaralanýar. Netijede, onuň sag eli ömürboýy hereketden galýar. Ol Ýewropanyň taryhynda yz galdyran waka gatnaşanlygyna hemişe buýsanypdyr. Gelejekki ýazyjy watana dolanyp gelenden soň, alžirlilere bäş ýyl ýesir düşüp, agyr kynçylyklara döz gelmeli bolýar. Ol ýesirlikdekä 4 sapar gaçmaga synanyşyp, gudrat bilen ölüm jezasyndan sypýar.
Gelejekki awtor özüniň beýik eserini 38 ýaşynda ýazmaga girişýär. Ol şoňa çenli gününi aýlamak maksady bilen yhlasly işläp, dürli görgi-betbagtçylyklary başdan geçirýär. Onuň sergezdan durmuşy gelejekki beýik eserine maglumat toplamaga ýardam berýär. Geň ýeri “Don Kihotuň” ägirt uly üstünligi oňa hiç hili maddy bähbit getirmeýär, tersine, duşmançylykly garaýyşlary has-da artdyryp, yzarlanmalara sezewar bolýar. Ol bu eserden soňra, dürli nowellalary, poemalary, ýene-de bir roman ýazyp, ýazyjylyk işini ömrüniň ahyryna çenli dowam etdirýär.
“Don Kihotyň” awtory 69 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Ýazyjy ölmeziniň öňüsyrasynda Madride göçüp barýar. Şol döwrüň däplerine görä, aradan çykan senesine derek jaýlanan güni bellige alnyp, ýazyjynyň dünýäsini täzelän güni 23-nji aprel 1616-njy ýyl diýlip bellige alnan eken.
Geçen ýyl beýik ýazyjynyň aradan çykan gününiň 400 ýyllygy bellenip geçildi. Şonda Ispaniýaly bilermenleriň geçiren metbugat-konferensiýasynda Madriddäki de las Trinitarias ybadathanasyndan tapylan jesediň meşhur ýazyjy Migel de Serwantese degişlidigi resmi mälim edildi. Onuň guburynyň ýüzünde MS diýen ýazgy bar ekeni. Onuň barlag işleri birnäçe aýa çekip, bu iş boýunça antropologik, arheologik we taryhy seljeriş işleriniň netijeleriniň ählisi beýik ýazyjynyň duwlanan ýeriniň ahyr soňy tapylandygyny tassyklady. Esasan hem, saklanyp galan resminamalardan belli bolşuna görä, Serwantesiň 6 dişi bolup, bir eli hem ysmaz ekeni. Ýazyjynyň jaýlanan anyk ýeri onuň jaýlanan güni – 1616-njy ýylyň 23-nji aprelinden soň näbelliligine galýardy.
Serwantesiň ýadygärligi diňe 1835-nji ýylda Madridde dikeldilipdir. Onuň pýedestalynda latyn dilinde “Ispan şahyrlarynyň şasy, Migel de Serwantes” diýen ýazgy bar. Bu ynsan özüniň ölmez-ýitmez eseriniň gahrymanlarynyň üsti bilen bütin adamzada agyň arasynda gülki paýlady.