Häzirki wagtda döwletimizde eksport harytlarynyň görnüşini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, daşary ýurtlara çykarylýan türkmen harytlarynyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Eksport harytlarynyň aglaba bölegini bolsa, oba hojalyk önümleri düzýär. Esasan hem, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pomidora bolan isleg artýar. Türkmen pomidorlaryny esasy import ediji döwletler Russiýa Federasiýasy, Gazagystan we Gyrgyzystan Respublikalarydyr.
Üstümizdäki ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pomidoryň eksportynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 3% ýokarlandy. Şu döwürde Gazagystana ugradylan pomidoryň möçberi 20% ýokarlandy.
Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende hem türkmen pomidorynyň eksportynyň ýyl-ýyldan artýandygy görünýär. 2023-nji ýylyň dowamynda takmynan 128 müň tonna pomidor daşary ýurtlara eksport edilip, bu san 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 239% ýa-da 3,4 esse ýokarlandy. Şunda, pomidoryň eksportynyň umumy möçberiniň 57%-i Russiýa Federasiýasyna, 28%-i Gazagystana amala aşyryldy.
Çeşme:customs.gov.tm