18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Çanszi şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň migrasiýa we serhet gulluklarynyň hünärmenleri üçin halkara okuw maslahaty öz işine başlady.
Okuw maslahatyna bu ugurdaky halkara hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Okuw maslahatyň gün tertibi migrasiýa ulgamyndaky giň gerimli möhüm wezipeleri öz içine aldy. Hususan-da bu okuw maslahaty hünär kämilleşdirilmegine, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmagyň öňdebaryjy halkara standartlaryny öwrenmäge, şeýle hem strategiki meýilleşdirmegiň, töwekgelçiliklere baha bermegiň döwrebap usullaryny özleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem pudagara gatnaşyklaryny, gözegçilik amallaryny döwrebaplaşdyrmak, migrasiýa we serhet howpsuzlygy çygrynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak bilen bagly temalar okuw sapaklaryň özenini düzdi.
Halkara okuw maslahaty öz işini 1-nji noýabra çenli dowam edýär.

Çeşme: migration.gov.tm