Şu günler Ar­ka­dag­ly Di­ýar­da ýur­du­my­zyň şan­ly Ga­raş­syz­lyk to­ýu­nyň da­ba­ra­la­ry ulu­dan tu­tul­ýar. Bag­ty­ýar hal­ky­myz gö­zel Di­ýa­ry­my­zyň be­ýik gel­je­gi­niň ha­ty­ra­sy­na dö­red­ýär we gur­ýar, Ga­raş­syz­ly­gyň peş­geş be­ren eg­sil­mez bag­ty­na buý­sa­nyp ýa­şa­ýar, toý-baý­ram­la­ry­my­zy ag­zy­bir­lik­de, je­bis­lik­de, ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik­de toý­la­ýar.
Milli Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 2017-nji ýyl – Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly uly üs­tün­lik­le­re bes­len­di. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň esa­sy uly wa­ka­sy 17-27-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­dyr. Dün­ýä de­re­je­sin­de gu­ra­lan yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy mäh­ri­ban Di­ýa­ry­my­zyň we türk­men spor­tu­nyň at-ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň hem-de ir­gin­siz ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re bes­le­nen hal­ka­ra sport ýa­ry­şy dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň ses­len­me dö­re­dip, dün­ýä­niň bel­li sy­ýa­sat­çy­la­ry­nyň, iri hal­ka­ra sport gu­ra­ma­la­ry­nyň öw­gü­si­ne my­na­syp bol­dy. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron, Sin­ga­pur Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti ha­nym Ha­li­ma Ýa­kob we beý­le­ki sy­ýa­sat­çy­lar V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi­ni uly buý­sanç bi­len bel­läp geç­di­ler. “Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry bu yk­lym de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­la­ryň ta­ry­hyn­da iň go­wy ýa­ryş­lar bol­dy!” di­ýip, dün­ýä­niň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­ny hä­si­ýet­len­di­rip, dün­ýä­niň mil­li­on­lar­ça adam­la­ryn­da şat­lyk­ly, ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dy­ran bu aja­ýyp sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň ne­ti­je­le­ri­ni giň­den be­ýan et­di­ler.
Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly­nyň aja­ýyp gün­le­rin­de giň­den bel­le­nil­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 26 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gi baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­na bes­len­di. Ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de hem-de paý­tag­ty­myz­da gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän dür­li mak­sat­ly des­ga­lar şan­ly to­ýuň baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de, aý­ra­tyn-da, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de gur­lup, il-gü­nü­mi­ziň yg­ty­ýa­ry­na ber­len oba-kent­le­riň, şä­her­çe­dir şä­her­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­miz şeý­le döw­re­bap ilat­ly no­kat­la­ry dö­ret­mek bi­len, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­gy, il-gü­nü­mi­ziň eş­ret­li dur­mu­şy­ny üp­jün et­me­gi mak­sat edin­ýär.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýe­ti­len be­lent sep­git­ler, ga­za­ny­lan ýe­ňiş­ler­dir üs­tün­lik­ler ýur­du­my­zy ta­nal­maz de­re­je­de öz­gert­di. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da yk­dy­sa­dy, me­de­ni we ýa­şa­ýyş-dur­muş taý­dan saz­la­şyk­ly ösüş­ler ga­za­ny­lyp, şä­her­le­ri­mi­ziň, oba­la­ry­my­zyň dur­ky tä­ze­le­nip, dün­ýä de­re­je­si­ne ky­bap gel­ýän bi­na­lar hal­ky­my­za hyz­mat ed­ýär.
Ine şeý­le aja­ýyp gün­ler­de ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni ös­dür­me­giň 15-nji no­bat­da­ky­sy­nyň çäk­le­rin­de gur­lan dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li ýaý­baň­lan­dy­ry­lan çä­re­ler hem­me­ler­de uly buý­sanç dö­ret­di. Bu ýer­de, gün-gün­den gö­zel­leş­ýän Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta-gün­ba­tar bö­le­gin­de aja­ýyp ak mer­mer­li bi­na­la­ry hem-de ze­rur bo­lan döw­re­bap dü­zü­mi özün­de jem­le­ýän tä­ze ka­şaň des­ga­lar top­lu­my peý­da bol­dy.

Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, paý­tag­ty­myz­da iki gat­ly kot­tej­le­riň hem-de üç we dört gat­ly ýo­ka­ry amat­lyk­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň uly top­lu­my ulan­ma­ga be­ril­di. Paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň 15-nji no­bat­da­ky­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň do­lu­ly­gy­na Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­ne yna­ny­lan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri ýur­du­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­mak bi­len, eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar­lar. Öz­le­ri­niň önüm­çi­lik we hü­när kuw­wa­ty­ny ýyl­sa­ýyn art­dyr­ýan türk­men te­le­ke­çi­le­ri dür­li ugur­lar­da, şol san­da gur­lu­şyk ul­ga­myn­da üs­tün­lik­li iş­läp, äh­li ba­bat­da ýo­ka­ry us­sat­lyk gör­kez­ýär­ler.
Tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my Aş­ga­ba­dyň aja­ýyp bi­na­gär­lik keş­bi bi­len saz­la­şyp, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň aý­dyň ny­şa­ny hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň mi­we­si bo­lup dur­ýar. “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­gar şol sy­ýa­sa­tyň öze­ni­ni düz­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä öl­çeg­le­ri­niň de­re­je­sin­de ýa­şa­ýyş jaý gur­lu­şy­gy giň ge­ri­me eýe bol­dy. Türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin has oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek mil­li Li­de­ri­mi­ziň paý­tag­ty­my­zy ös­dür­mek ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň, şeý­le hem ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­le­riň esa­sy we­zi­pe­si­dir.
Äh­li­halk baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­tan­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny we beý­le­ki des­ga­la­ry ulan­ma­ga ber­mek aja­ýyp dä­be öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni mil­li se­ne­na­ma­my­zyň şan­ly se­ne­le­ri­niň ha­ta­ryn­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Bu baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz­da gur­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän iş­gär­le­riň köp­san­ly maş­ga­la­la­ry jaý toý­la­ry­ny toý­la­dy­lar.

DÖW­RE­BAP WE KA­ŞAŇ
ÝA­ŞA­ÝYŞ JAÝ­LA­RY
KALP­LA­RY JO­ŞA GE­TIR­ÝÄR
Aş­ga­ba­dy ös­dür­me­giň 15-nji tap­gy­ry äh­li amat­lyk­la­ry göz öňün­de tu­tu­lan 72 öý­li 12 gat­ly jaý­la­ryň 12-si­ni hem-de 48 öý­li 12 gat­ly jaý­la­ryň 6-sy­ny, söw­da mer­kez­le­ri­niň 11-si­ni, 600 orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän mek­de­bi we 160 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy­ny bir­leş­dir­ýär. De­giş­li in­že­ner-ara­gat­na­şyk we ýol-ulag dü­zü­mi göz öňün­de tu­tul­dy, ze­rur teh­ni­ki ul­gam­ly tä­ze ýol­lar çe­kil­di. Des­ga­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri do­ly aba­dan­laş­dy­ryl­dy we ba­gy-bos­san­ly­ga bü­ren­di. Tä­ze bi­na edi­len des­ga­la­ryň amat­ly­ly­gy­na, eko­lo­gi­ýa we be­zeg me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­di. Bu ýer­de dynç al­mak, sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin meý­dan­ça­lar we ýa­şyl zo­lak­lar göz öňün­de tu­tul­dy. Ça­ga­lar aras­sa ho­wa­da oý­na­mak üçin äh­li se­riş­de­ler bi­len üp­jün edi­len ça­ga­lar meý­dan­ça­la­ryn­da öz wagt­la­ry­ny şa­dy­ýan ge­çi­rip bi­ler­ler. Iş­jeň dynç al­ma­gy ha­la­ýan­lar üçin bol­sa, ýö­ri­te sport meý­dan­ça­la­ry ni­ýet­le­nen­dir. Şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek üçin des­ga­lar göz öňün­de tu­tul­dy. Şä­he­riň bu bö­le­gin­de tä­ze se­ýil­gäh hem peý­da bol­dy. Ony dö­ret­mek­de be­ze­giň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ula­nyl­dy. Paý­tag­ty­myz­da­ky tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­nyň ýe­ne-de bir aý­ra­tyn­ly­gy bi­na­nyň her bi­ri­niň de­giş­li bel­gi­sin­den baş­ga-da, onuň ady­nyň bar­dy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şol at­la­ry bol­sa bi­na­la­ryň ýo­kar­syn­da ýa­zy­lyp­dyr. Aş­ga­ba­dy ös­dür­me­gi 15-nji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça gur­lan be­lent ak mer­mer­li bi­na­lar “Aba­dan asu­da”, “Pa­ra­hat Wa­tan”, “Bag­ty­ýar za­man”, “Berk bin­ýat­ly”, “Bi­lim­li ylym­ly”, “Buý­sanç­ly”, “Mag­dan­ly me­kan­ly”, “Mu­kam­ly”, “Ba­ky dur­sun”, “Be­re­ket­li”, “Eziz Di­ýar”, “Aja­ýyp eý­ýam”, “Joş­gun­ly”, “Döw­let­li döw­ran”, “Paý­has­ly”, “Şan şöh­rat­ly”, “Mel­hem”, “Çe­per el­ler” diý­lip at­lan­dy­ryl­dy.
Tä­ze 72 we 48 öý­li 12 gat­ly jaý­lar­da ýo­ka­ry amat­lyk­la­ryň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Olar­da 3 we 4 otag­ly ka­şaň öý­ler, şol san­da giň myh­man­ha­na otag­la­ry, amat­ly ýa­tak­ha­na­lar, döw­re­bap dur­muş teh­ni­ka­la­ry bi­len üp­jün edi­len aş­ha­na­lar we beý­le­ki otag­lar ýer­leş­ýär. Öý­le­riň otag­la­ry­nyň äh­li­si be­ýik­dir. Bi­na­la­ryň her bi­rin­de ýe­ras­ty aw­to­du­ral­ga­lar bo­lup, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ry göz öňün­de tu­tul­dy.

ÝÜZ­LER­ÇE MAŞ­GA­LA
TÄ­ZE KOT­TEJ­LE­RE
GÖ­ÇÜP GEL­DI­LER
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň hal­ky­my­za eçi­len ýe­ne-de bir mi­we­si ol hem türk­men hal­ky­nyň aba­dan, asu­da we bo­le­lin dur­muş­da baý­nap ýa­şa­ma­gy bi­len şert­le­nen­dir. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da tä­ze gör­nüş­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, ýag­ny äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ka­şaň kot­tej­ler top­lu­my gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di.
Paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­ni ös­dür­me­giň 15-nji no­bat­da­ky­sy­nyň çäk­le­rin­de gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýän kot­tej­ler top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Iki gat­ly kot­tej jaý­la­ryň we üç hem-de dört gat­ly ýo­ka­ry amat­lyk­la­ry bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta kün­je­gin­de bol­dy. Bu ýer­de me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly hem-de hä­zir­ki za­man dur­muş dü­zü­mi bo­lan des­ga­la­ryň tä­ze top­lu­my eme­le gel­di.
Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne 2015-nji ýy­lyň maý aýyn­da ba­dal­ga be­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şol ýy­lyň ap­rel aýyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, bir­nä­çe mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi­niň ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň gur­lu­şyk kär­ha­na­la­ry­nyň ara­syn­da äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan hem-de ýa­na­şyk ýer­le­ri aba­dan­laş­dy­ry­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny tas­la­ma­laş­dyr­mak we gur­mak bo­ýun­ça yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Şä­he­ri ös­dür­me­giň 15-nji no­bat­da­ky­sy­nyň çäk­le­rin­de Seý­di hem-de Mol­la­ne­pes kö­çe­le­ri­niň ug­run­da döw­re­bap bi­na­lar we dü­züm­le­ýin des­ga­lar gu­rul­dy. Kot­tej jaý­lar top­lu­my kö­pu­gur­ly “Aş­ga­bat” sta­dio­ny­nyň we ýa­kyn­da açy­lan golf klu­bu­nyň ýa­nyn­da ýer­leş­ýär.
Bir söz bi­len aý­dy­lyn­da, gö­ze ge­lüw­li hem-de amat­ly kot­tej jaý­la­ry­nyň umu­my eýe­le­ýän meý­da­ny 350 ine­dör­dül metr bo­lup, onuň döw­re­bap otag­la­ry be­lent­li­gi hem-de giň­li­gi, myh­man ka­bul et­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Dört gat­ly kot­tej gör­nüş­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da se­kiz öý bo­lup, ýo­kar­ky gat­la­ra çyk­mak üçin onuň eý­wa­nyn­da bas­gan­çak we lift he­re­ket ed­ýär. Her gat­da iki öý bo­lup, umu­my eýe­le­ýän meý­da­ny 537,30 ine­dör­dül metr bo­lan öý­ler­de bäş otag bar. Üç gat­ly jaý­lar­da dört otag­ly al­ty öý bar. Her öýüň eýe­le­ýän meý­da­ny 476,40 ine­dör­dül metr bo­lup, olar­da 44,20 ine­dör­dül metr­den baş­lap, 80,40 ine­dör­dül meý­da­ny bo­lan üç sa­ny ýa­tyl­ýan otag, 113,60 ine­dör­dül meý­da­ny bo­lan aý­ra­tyn otag, aş­ha­na we beý­le­ki otag­lar bar. Umu­man, bu top­lu­myň tu­tuş keş­bi bir bi­te­wi ut­ga­şyk­ly­ly­gy eme­le ge­tir­ýär. Tä­ze jaý­la­ryň hem­me­si­niň umu­my bi­na­gär­lik usu­ly we ak mer­mer­li keş­bi bo­lup, ka­şaň de­mir aý­man­ça­lar bi­len gur­şa­lyp­dyr. Kö­çä­niň yşyk­lan­dy­ryş sü­tün­le­ri jaý­la­ryň üçek­le­ri­niň reň­ki bi­len ut­gaş­ýar.
Kot­tej jaý­lar top­lu­my­nyň çä­gin­de umu­my meý­da­ny 8,4 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan se­ýil­gäh gu­rul­dy. Olar­da döw­re­bap yşyk­lan­dy­ry­jy­lar, otur­gyç­lar, ho­wuz­ly suw çüw­dü­rim­le­ri bar. Gra­nit ýo­da­jyk­lar we ýe­ras­ty ge­çel­ge gu­rul­dy. Mun­dan baş­ga-da, şä­he­riň şu kün­je­gin­dä­ki Seý­di we Mol­la­ne­pes kö­çe­le­ri­niň dur­ky düýp­li tä­ze­le­nil­di. Ola­ryň umu­my uzyn­ly­gy 1533 metr bo­lup, kö­çe­le­riň ini 12 met­re ba­ra­bar­dyr. Şeý­le hem jaý­la­ryň ara­la­ryn­dan we ýa­na­şyk ýer­le­rin­den kö­çe­ler çe­kil­di. Umu­man, bu ýer­de 13 müň 572 metr uzyn­ly­gy bo­lan kö­çe­ler çe­kil­di.
Türk­me­nis­tan­ly­la­ryň dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ýa­şa­ýyş dü­zü­mi­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­na be­ril­ýän ýe­ňil­lik­li karz se­riş­de­le­ri şä­her­le­riň we oba­la­ryň ila­ty üçin amat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­di. Şun­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, Aş­ga­bat­da her ýyl­da müň­den gow­rak maş­ga­la­lar tä­ze jaý­la­ra gö­çüp bar­ýar­lar.
Şeý­le­lik­de, şu gün­ler paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len bi­na­gär­lik açy­lyş da­ba­ra­la­ry mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dö­ret­me­giň we ösü­şiň ýo­ly bi­len öňe ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýan hem-de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­ly­gy­ny gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýän eziz Wa­ta­ny­my­zyň tä­ze ta­ry­hy­na no­bat­da­ky sa­hy­pa­ny ýaz­dy.