2008-nji ýylyň 8-nji aprelinde gökdiräne berkidilen ilkinji ýel turbinalary işe girizilýär. Şol ýyl açylan simmetrik şekilli iki binadan ybarat bolan Bahreýn Dünýä täjirçilik merkeziniň beýikligi 240 metre ýetýär. Ýurduň paýtagty Manamada gurlan 50 gatly goşa binanyň aralygyndaky kese sütünlerde üç sany ýel turbinasy bolup, olar elektrik energiýasyny öndürýär. Iki bina ýelken şekilli bolup, Pars aýlagyndan öwüsýän ýeli turbinalara ugrukdyryp, netijeliligi ýokarlandyrýar. Ýel turbinalary Daniýanyň “Norwin A/S” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär. Bu turbinalar binada sarp edilýän elektrik energiýasynyň 11-15 göterimini üpjün edýär.