Ispaniýanyň Şa Kubogy (Copa del Rey) ýaryşynyň finalynda “Atletik Bilbao” bilen “Malýorka” toparlary duşuşdy. Sewilýa şäherindäki “La Kartuha” stadionynda geçirilen finalda ilkinji bolup, hasaby “Malýorka” topary açdy. Oýnuň 21-nji minutynda Daniel Rodrigesiň goly bilen “Malýorka” 1-0 öňe saýlandy. Şondan soň hüjümleriniň sanyny hasam artdyran “Atletik” toparyna 1-nji ýarymda hasaby deňlemek başardy. Niko Williamsyň geçiren goly ofsaýt sebäpli hasaba alynmady.
2-nji ýaryma gol bilen başlan “Atletik Bilbao” topary 50-nji minutda Oihan Sansetiň goly takyk urgusy esasynda hasaby deňledi. Oýundan soňky penalti urgularynda-da 4-2 hasabynda üstün çykan “Atletik Bilbao” topary 40 ýyldan soň 24-nji Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy. Bilbao şäheriniň wekili soňky gezek 1983/84 möwsüminde kubogy eýeläp, şondan soň çykan 6 finalynda-da ýeňlişe sezewar bolupdy. “Atletik” topary Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazanmakda 31 kubokly “Barselonadan” soň 2-nji ýeri eýeleýär. Bu ugurda “Real Madrid” 20 kubok bilen 3-nji orunda barýar.
Toparyň tälimçisi Erneste Walwerde “Barselonadan” soň “Atletik” toparynda hem Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy.
21 ýyldan soň finala çykan “Malýorka” topary 3-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Palma şäheriniň wekili 2002/03 möwsüminde kubogy eýeläpdi.