“Perseverance” marsohody Gyzyl planetanyň topragynyň täze nusgasyny aldy. Alymlar bu nusganyň gadymy kenaryň bir bölegi bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler. Bu barada “Naked Science” web saýty habar berýär.
Karbonatlara we kremnezýomlara baý jynsyň düzümi, onuň gelip çykyşynyň suw bilen baglydygyna güwä geçýär. Bu barlag geçirijileriň köpden bäri arzuw edip gelýän tapyndysy. Ýaşy entek doly kesgitlenmedik jynsyň seljerişleri Marsyň uzak geçmişdäki howasyny aýdyňlaşdyrmaga ýardam berer. Täze nusga “Perseverance”-iň öz missiýasynda ýygnan 24-nji nusgasydyr.