Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen sanlylaşdyrylýar we innowasion ykdysadyýet kemala getirilýär. Diýarymyzda bu ugry ösdürmek boýunça onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär we maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda giňden ulanmak üçin birnäçe onlaýn hyzmatlar döredilendir. Internet ulgamyny ulanyjylaryň sanynyň artmagy bilen, sanly ulgamyň kämilleşmegi netijesinde olar üçin köp mümkinçilikler döredilýär, täze we peýdaly programma üpjünçilikler, web saýtlar taýýarlanylýar. Bularyň kömegi bilen, bildiriş goşmak arkaly haryt satmak, satyn almak, habarlary okamak, töleg tölemek ýaly birnäçe işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik açylýar.
Häzirki zaman şertlerinde dünýäniň ähli döwletlerinde, esasan-da, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda «sanly ykdysadyýet» diýen düşünjä aýratyn uly ähmiýet berilýär. Bu düşünje ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany aňladýar. Bu nusgada zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi, bäsleşige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler döreýär. Sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrylmagy sanly ykdysadyýetiň esasy maksatlarynyň biridir. Sanly ulgamyň üstünlikli hereket etmegi üçin bolsa, internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk, elektron işewürligi, hojalyk işini kompýuterleriň üsti bilen sanly görnüşde dolandyrmak hem-de elektron söwda hyzmatlarynyň internet arkaly ýerlenilmegi üstünlikli berjaý edilmelidir.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we hususy eýeçilik ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň we ösdürilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki döwlet we hususy eýeçilik ulgamynda sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy degişli edara-kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar, hyzmatlaryň hilini gowulandyrýar hem-de täze mümkinçilikleri döredýär. Bulardan başga-da, sanly ykdysadyýete geçmek önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, tutuş dünýäde bolup geçýän üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmaga we çeýeligi ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Umuman aýdanymyzda, sanly ulgam hakyky wagt ölçeginde gözegçilik, dolandyryş tehnologiýalaryny birleşdirmek we maglumatlaryň üznüksiz toplanylmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda dogry netijeleri hem-de çözgütleri kabul etmäge giň şert döredýär.
Mekan ATAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.