Sagdyn durmuş ýörelgesine eýeriň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ýaş nesillere hem-de ýetginjeklere görelde boluň! Günüň dowamynda kompýuterleri, smartfonlary we planşetleri ulananyňyzda arakesme ediň!
Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!
Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň! Witaminlere baý önümleri iýiň, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, pasla görä geýniň!
Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanmakdan saklanyň, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň! Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň!
Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň! Howanyň yssy günlerinde bolsa Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň!
Zäherlenmeleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny dogry berjaý ediň! Iýmit önümlerini ýaramlylyk möhletine seredip satyn alyň we öý şertlerinde talabalaýyk saklaň!
Ýürek-damar, dem alyş ýollarynyň, howply täze döremeleriň, endokrin, nerw, iýmit siňdiriş, böwrek we peşew çykaryş ulgamynyň, gulak, burun, bokurdak, diş we agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak üçin saglyk barlaglaryndan geçiň! Geçirilýän saglyk barlaglary keselleriň öňüni almaga gönükdirilen iň möhüm çäreleriň biri bolup durýar.
Ýeriň magnit hadysasynyň we howanyň üýtgäp durmagyna duýgur adamlaryň, dowamly we ýürek-damar, nerw kesellerden ejir çekýän näsaglaryň howa maglumatlaryna we öz saglygyna ünsli bolmagy maslahat berilýär. Howanyň täsiri bilen saglygyň erbetleşmegi ýüze çykanda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň we lukmanyň beren maslahatyny doly hem-de dogry berjaý ediň!
Ruhy sagdynlygy goramak üçin nerw dartgynlylygyndan gaça duruň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.