Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, milli bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, çalt depginler bilen ösýän sanly ykdysadyýetiň zerurlyklary nazara alnyp, täze hünär okuwlary girizilýär, okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar, bilim bermegiň innowasion usullary okuw işine ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk has-da ýaýbaňlandyrylýar.

«Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 2023 – 2030-njy ýyl­lar üçin stra­te­gi­ýa­syn­da», şeý­le hem bi­lim ul­ga­my bo­ýun­ça ka­bul edi­len kon­sep­si­ýa­lar­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hal­ka­ra olim­pia­da­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2017-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da­ky 340 bel­gi­li Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» we ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň Me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bi­lim ul­ga­myn­da in­no­wa­si­ýa­la­ry omaş­dyr­mak, şeý­le hem bi­li­miň hi­li­ne ga­raş­syz mo­ni­to­rin­gi ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da II Açyk hal­ka­ra in­for­ma­ti­ka olim­pia­da­sy­ny ge­çir­mek bel­le­nil­di.
Ýur­du­my­zyň mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň dün­ýä­niň ylym-bi­lim gi­ňiş­li­gi­ne saz­la­şyk­ly go­şul­ýan döw­rün­de esa­sy we­zi­pe hök­mün­de Wa­ta­na, hal­ky­my­za, Türkmenistanyň Prezidentine we­pa­ly, wa­tan­sö­ýü­ji, zäh­met­sö­ýer, ylym­ly-bi­lim­li, ze­hin­li, ba­şar­jaň we öz­baş­dak iş­le­mä­ge ukyp­ly ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak­dan yba­rat­dyr.
Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da II Açyk hal­ka­ra in­for­ma­ti­ka olim­pia­da­sy­nyň geçirilmegi Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni we ýaş­la­ry­my­zyň in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­rdan baş çy­kar­ýan­dy­gy­ny gör­ke­zer. Şeý­le hem Açyk hal­ka­ra olim­pia­da­la­ryň ge­çi­ril­me­gi, ýur­du­my­zyň ok­gun­ly ös­ýän ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de hal­ka­ra de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga be­ril­ýän ala­da­nyň ne­ti­je­si­dir.
Olim­pia­da Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­tin­de ge­çi­ril­ýär. Olim­pia­da­nyň res­mi iş dil­le­ri – türk­men, rus we iň­lis dilleri bo­lup, 15-nji ap­rel­den 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­megi göz öňün­de tu­tul­ýar. Olim­pia­da 14 ýurt­dan 50-den gow­rak uni­wer­si­te­tiň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Gat­na­şjak uni­wer­si­tet­le­riň her bi­ri prog­ram­mir­le­mek ar­ka­ly çö­zü­len 3-den köp bol­ma­dyk me­se­lä­ni hö­dür­läp bil­ýär­ler. Bu bäs­le­şi­ge Azer­baý­jan, Be­la­rus, Er­me­nis­tan, Eý­ran, Ga­za­gys­tan, Ger­ma­ni­ýa, Gru­zi­ýa, Gyr­gy­zys­tan, Ka­tar, Li­wi­ýa, Hy­taý, Öz­be­gis­tan, Ru­my­ni­ýa, Rus­si­ýa, Tä­ji­gis­tan, Tür­ki­ýe we Ow­ga­nys­tan ýa­ly döw­let­ler­den ta­lyp­laryň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, olim­pia­da gat­naş­ýan ta­lyp ýaş­la­ryň ara­syn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ta­lyp ýaş­la­ryň yl­my ga­ra­ýyş­la­ry» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty­ny we ser­gi­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Olim­pia­da Türk­me­nis­ta­nyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­ler. Olim­pia­da is­len­dik hü­när­de we ugur­da hü­när­men, ba­ka­lawr we ma­gistr mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça oka­ýan ta­lyp­lar gat­na­şyp bi­lerler.
Bu hal­ka­ra çä­re­ler dün­ýä­niň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň we mu­gal­lym­la­ry­nyň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge we ylym-bi­lim ul­ga­myn­da öza­ra bäh­bit­li tej­ri­be alyş­ma­ga ýar­dam be­rer.
Şeý­le bäs­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ylym we bi­lim gi­ňiş­li­gin­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bir­lik­de, Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­ni gu­ru­jy­lar bo­lan ýaş­la­ryň öň­de­ba­ry­jy ylym­la­ra we bi­lim­le­re hö­we­si­ni has-da art­dyr­ýar, öza­ra tej­ri­be­le­riň al­şyl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem mu­nuň özi hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş­la­ryň ylym­ly-bi­lim­li, sag­dyn we giň dü­şün­je­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da uly iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Türk­men ýaş­la­ry­nyň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, kä­mil hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­y sag, ömri uzak bol­sun!

Gun­ça BA­ZA­RO­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.