Magtymguly Pyragy özüniň şygyrlary bilen halkyň arasynda uly şöhrat we meşhurlyk gazanyp, diňe kitaplara däl, eýsem, köňüllere dolan akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň sözleri her bir adam üçin gymmatly, çünki onuň setirlerinde milli ýörelgelerimiz, ruhubelentlik ýoly wasp edilýär. Şonuň üçin hem şahyryň her bir sözi ýüreklerde orun alýar.
Ady äleme dolan beýik söz ussadynyň döredijiliginde, onuň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda terbiýeçilik meselesi, ýagny öwüt-ündewleriň şöhlelendiriliş ýagdaýyny yzarlamak, olary ylmy derňewe çekmek, jemgyýetçilige ýetirmek meselesi uly ähmiýete eýedir.
Dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň bolup, umman ýaly paýhasynyň baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewler tutýar. Akyldar şahyr halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize-bu güne çenli dilden düşmän gelýär.
Şahyryň «Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär», «Adam ogly bäş gün duza myhmandyr», «Ömür saly artar alkyş alanyň», «Ok urar bolsaň, ok ur nebsiň gözüne», «Kemlik eýle, kemal bar, Menlik etme, zowal bar» ýaly pähimleri halkyň kalbynda hemişelik ýaşaýar. Şahyryň şygyrlarynyň çeper we täsirli bolmagy türkmen diliniň içki baýlyklaryny, onuň sözlük goruny ussatlyk bilen ýerlikli ulanmagyndadyr.
Magtymguly Pyragy özüniň dünýewi garaýyşlarynda turuwbaşdan halka, il-güne golaý durupdyr. Ol özüniň goşgularynda ilki bilen halk bähbitlerinden ugur alypdyr, halkyň aladasy bilen ýaşapdyr. Akyldar şahyr durmuşyň manysynyň iliň-günüň derdine ýaramakdygyny ündeýär, ýagşy işlere ýaran bolmagy nygtaýar.
Şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Akyldar şahyr adamlaryň hemişe ýagşylyk etmegini, ejize hossar çykmagyny, il-günüň alkyşyny almagyny isläpdir. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Çünki Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi biziň üçin edep-terbiýe mekdebidir.
Her bir sözi dürden gymmatly şahyryň edebi mirasyny, öwüt-ündew, edep-terbiýe bilen bagly garaýyşlaryny, pikirlerini, öwütlerini öwrenip amal etmek halkymyzyň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleriniň mukaddes borjudyr.
Aýna Gullyýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň dosenti.