Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, 1-nji aprelden 7-nji aprel aralygynda Garagalpagystanyň Nukus şäherinde Türkmen-Özbek demarkasiýa iş toparlarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşykda umumy serhedi kesgitlemek boýunça işler dowam etdirildi we Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda Döwlet serhedini kesgitlemek boýunça hökümetara toparynyň mejlisine taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk adatça dostluk we özara düşünişmek şertlerinde geçirildi, duşuşykda indiki şeýle mejlisiň Türkmenistanyň çäginde geçiriljekdigi bellenildi.

Çeşme: turkmenistaninfo.gov.tm