Italiýanyň uly şäherleriniň biri bolan, Lombardiýa sebitiniň paýtagt şäheri hasaplanýan Milan baý sungat mirasyna eýedir. Şowhunly «La Skala» teatry, owadan binalary bilen tanalýan Milan şäheriniň tutýan meýdany 182 inedördül kilometre barabar bolup, 1,5 million töweregi ilaty bar. Italiýanyň ösen önümçilik we söwda şäheri bolan Milan taryhyň dürli döwürlerinde goranyş şäheri bolupdyr. XIX asyrdan soň Milan asuda ýagdaýa geçýär. Täjirler Italiýanyň demirgazyk şäherine ýygy-ýygydan gelip, söwda-satyk işleri bilen meşgullanypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bu şäherde söwda we önümçilik has giňeýär. Ýewropa ýurtlarynyň arasynda «asuda şäher» diýlip tanalýan Milan XX asyrda Ýewropanyň iň baý şäherleriniň birine öwrülýär.
Dünýäniň moda paýtagty meşhur ýazyjylaryň, medeniýet işgärleriniň we suratkeşleriň mekany hasaplanýar. Dizaýn babatda ösen gurluşa eýe bolan Milanda «Quadrilatero della Moda» söwda merkezi ýerleşýär. Şäheriň iň meşhur ýerleriniň biri bolan söwda merkezi Italiýa barýan syýahatçylaryň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Şäheriň özüne çekiji owadan ýerleriniň arasynda Duomo ýadygärligi hem bar. Got sungatynyň we binagärliginiň ajaýyp nusgasy bolan bu kaşaň buthananyň ýokarsynda Madonninanyň altyn çaýylan heýkeli ýerleşýär. Milanda häzirki zaman ösen binagärliginiň nusgalaryny hem görmek bolýar. Şäheriň futuristik «CityLife» etraby muňa mysal bolup, «akylly» şäher tehnologiýasyna esaslanýar. 36,6 gektar meýdany tutýan bu etrapda awtoulag gatnawy ýeriň aşagynda amala aşyrylýar. «Üç diň», «Bosco Dik dik» tokaý jaýlary futuristik etrabyň meşhur ýerleri hasaplanýar. Şäheriň Wenesiýany ýadyňa salýan Nawigli kanalynyň boýy hemişe köp adamly bolup, bu ýerde kenarýaka restoranlar we dükanlar ýerleşýär. Kanalda gaýykly gezelençler hem guralýar.
Bulardan başga-da, şäheriň meşhur ýerleriniň arasynda «Kolonne di San Lorenzo» açyk eýwanly, dik sütünli meýdança, «Piazza Castello» gala meýdançasy, «San Bernardino alle Ossa» süňkli diwary, «Villa Invernizzi» flamingo sürüleriniň baglary, «Cinque Vie» moda egin-eşikleriniň dükany hem bar.
Milanda 900-e golaý muzeý bolup, syýahatçylaryň italýan medeniýeti we sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam edýär. Muzeý kolleksiýalarynda, esasan, golýazmalar, kartinalar, orta asyr medeniýetine degişli heýkeller we döwrebap sungat eserleri saklanýar. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Santa Mariýa Della Grazi» ybadathanasynda dünýäniň iň meşhur suratlarynyň biri bolan Leonardo da Winçiniň diwara çeken «Iň soňky agşamlyk» eseri ýerleşýär. Milan opera aýdym-sazly çykyşlaryň hem şäheri hasaplanýar. Şäher teatrlarynda skripkada ýerine ýetirilýän nusgawy sazlary diňläp, Şekspiriň eserlerini janly şekilde synlap bolýar.
Milan syýahatçylyk gastronomiýasy babatda hem öňdäki orunlary eýeleýär. Şäherde italýan tagamlarynyň dürli nusgalary taýýarlanyp, olardan iň meşhury «risotto alla milanese» hasaplanýar. Bu tagam arborio tüwüsinden taýýarlanyp, zeýtun ýagy, sogan, gök otlar we ys berijiler goşulýar. Şülä meňzeş sap-sary nahara käte towuk eti hem goşulýar. Mundan başga-da, sygyr etinden taýýarlanýan mondegili, gök önümlerden taýýarlanýan kassula, «cotoletta alla milanese», ýilikli süňkden buglanyp taýýarlanýan tagamlar syýahatçylara italýan aşhanasyndan lezzet almaga mümkinçilik berýär.