Alymlar dünýäde 10 million töweregi reňkiň bardygyny çaklaýarlar. Her kim dünýäni başgaça göz bilen görýär. Şol sebäpli reňkleri saýgarmagyň hem çägi ýok. Fizikada jisim bilen ýagtylygyň özara gatnaşygy netijesinde reňkiň ýüze çykýandygy düşündirilýär. Reňki görmek we saýgarmak üçin ýagtylyk zerur.
Aristotel ähli reňki ak we garanyň garyndysy diýip hasaplapdyr. Bu düşünje 1666-njy ýyla çenli dowam edipdir. Iňlis fizigi Isaak Nýuton bu düşünjäni üýtgedýär. Alym geçiren köp sanly tejribe synaglary netijesinde islendik reňk ýagtylygyň ýa-da şöhläniň önümi bolup biler diýen netijä gelýär. Onuň pikiriçe, ses tolkunlary bilen görüş tolkunlarynyň özara meňzeşligi bolup, ses perdeleri çäkli, emma reňkleriň ýüze çykmagynyň çägi ýok. Nýutondan soň hem alymlaryň birnäçesi reňkler bilen bagly ylmy garaýyşlary öňe sürýärler. Umuman, reňkleri öwrenmek gyzykly ylym hökmünde kabul edilýär.
Reňkleriň manysy
Reňkler durmuşymyz we ruhy dünýämiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Geýýän egin-eşigimiziň, ýatýan otagymyzyň, ulanýan enjamlarymyzyň reňkinden başlap, tebigatdaky ähli öwüşgin bize öz täsirini ýetirýär. Alymlar reňkleriň adam aňyna täsir edýändigini tassyklaýarlar. Megerem, reňkler, olaryň manysy, daş-töwerege täsiri barada öwrenmek hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek.
Gyzyl. Gan aýlanyşy çaltlandyrýan, işdäni açýan we güýçlüligi aňladýan bu reňk köplenç azyk önümleriniň nyşanlarynda ulanylýar. Mysal üçin, meşhur brend «Coca Cola» gyzyl reňk bilen tanalýar. Gyzyl reňk tizligi we gujurlylygy hem aňladýar. Şol sebäpli, bu reňki işeňňir adamlar we ýaşlar köp ulanýarlar. Gyzyl reňki has uzakdan saýgaryp bolýandygy sebäpli, köplenç ünsi çekmek üçin hem ulanylýar.
Ak. Arassalygy, dostlugy we päk ýürekliligi alamatlandyrýan bu reňki erkinligi hem-de asudalygy halaýan adamlar saýlaýarlar. Ak reňk dowamlylygy we durnuklylygy aňladýar. Ilkinji tanyşlykda ýa-da iş söhbetdeşliginde ak egin-eşik geýmek täze başlangyçlara ýol açýar.
Ýaşyl. Tebigaty ýadyňa salýan bu reňk rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, özüňe bolan ynamy güýçlendirýär. Ýaşyl reňkiň köşeşdiriji we rahatlandyryjy häsiýete eýedigi sebäpli, lukmançylyk edaralary içki diwarlaryny ýaşylymtyl reňkleýärler. Ýaşyl reňki, esasan, rahatlygy gowy görýän tebigaty söýüjiler köp ulanýarlar. Ylmy barlaglara görä, uzak wagtlap ýaşyl reňke seredip duranyňdan soň, beýleki reňkleri bada-bat saýgaryp bolmaýar. Ýaşyl reňki parahatçylygy gowy görýän, ynamly adamlar saýlaýarlar.
Goňur. Edebiýaty we sungaty ýadyňa salýan bu reňki, esasan hem, döredijilik adamlary halaýarlar. Goňur reňk çalt hereket etmäge, çalt pikirlenmäge itergi berýär. Dünýädäki restoranlaryň köpüsinde müşderileriň çalt iýmegi üçin goňur oturgyçlar, goňur diwarlar we goňur bezegler ulanylýar. Goňur reňki halaýanlar bir ýerde durup bilmeýän, yhlasly we işjeň adamlar hasaplanýar.
Gara. Bu reňk güýji we hyjuwy aňladyp, işewür adamlar saýlaýarlar. Gara reňk köpler üçin tukatlygy aňladýan hem bolsa, Ýaponiýada bagtyň nyşany hasaplanýar. Gözi ýadatmaýandygy sebäpli, bu reňk gündelik durmuşda köp ýerde ulanylýar.
Gök. Ummanlary ýadyňa salýan bu reňk asudalygy we saglygy aňladýar. Gök reňk gan basyşyny peseldip, adamyň rahatlanmagyna ýardam edýär. Köp ýurtda bilim edaralarynyň diwarlary açyk gök bilen reňklenýär. Bu reňk netijeliligi ýokarlandyryp, çagalaryň üstünlik gazanmagyny üpjün edýär. Gök reňk bakylygy hem aňladyp, ynamy we ygtybarlylygy aňladýar. Dünýäniň köp sanly guramalarydyr kompaniýalary öz nyşanynda gök reňki ulanýarlar.
Sary. Bu reňk wagtlaýyn üýtgewsizligiň beýany bolup, özüne çekijiligi aňladýar. Adatça taksileriň sary reňkde bolmagy hem özüne çekijilik, hem-de az salymlyk wagt bilen düşündirilýär. Çagalaryň köpüsi sary reňkli otagda özüni oňaýsyz duýup aglaýarlar, ulular bolsa, gaharlanyp ugraýarlar. Sary seýrek ýagdaýda ulanylýan reňkleriň hataryna girýär.
Mämişi. Bu özüne çekiji reňk futbol ýygyndylarynyň köpüsiniň köýnekçelerinde duş gelýär. Çalt göze ilýän bu reňki, esasan, moda dizaýnerleri we oýnawaç öndürýän kompaniýalar ulanýarlar. Bagtly, joşgunly we gujurly adamlar mämişi reňki saýlaýarlar.
Gülgün. Ýüzbe-ýüz bolýan tarapyňa rahatlyk duýgusyny berýän gülgün «ýakymly reňk» diýlip atlandyrylýar. Şol sebäpli şokoladdyr sowgatlyklaryň daşy gülgün reňk bilen örtülýär. Gülgün reňki, esasan, şadyýan, özünden hoşal «romantik» adamlar saýlaýarlar.
Gyzykly maglumatlar
- Erkekler we aýallar gyzyl reňki başgaça görýärler.
- Gülgün köşeşdiriji reňk hasaplanýar. Bu reňk köplenç saglyk edaralarynda ulanylýar. Çalt gaharlanýan adamlara gülgün güllere ýa-da şol reňkdäki diwarlyklara seretmek maslahat berilýär.
- Gök bütin dünýäde iň halanýan reňk hasaplanýar. Parahatçylygyň nyşany hasaplanýan bu reňk köplenç halkara söwda edaralary tarapyndan ulanylýar.
- Köp adamda bolup geçen wakalary reňk bilen baglanyşdyrmak duýgusy bar. Muňa reňk fobiýasy diýilýär. Şeýle adamlar bir reňki gören wagty begenip ýa-da beýleki reňki görende gynanyp, howsalaly ýagdaýa düşüp bilýär.
- Sary we gyzyl reňk iýip-içmäge bolan isleg duýgusyny döredýär. Şol sebäpli mahabat we restoran bezeglerinde bu iki reňkiň sazlaşygy köp ulanylýar.
- Iňlis fizigi Isaak Nýuton 1665-nji ýylda «reňkli tigir» oýlap tapýar. 7 reňkden ybarat halka gyzyl bilen başlanyp (mämişi, sary, ýaşyl, gök, syýa), mawy reňk bilen jemlenipdir.
Çaganyň ilkinji saýgarýan reňki gyzyl bolup, görşi ösdürýär we beýnidäki nerw damarlaryna oňyn täsir edýär. - Gara reňkli egin-eşik, ýagny gara reňkli köýnek, penjek we jalbar adamy salyhatly hem-de başarnykly görkezýär. Ýewropada gara egin-eşikleri geýýänleri «güýçli adam» hasaplaýarlar.