Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öň ýanynda bäş yklymy alamatlandyrýan Olimpiýa halkasy Eýfel diňinde gurnalar. Bu barada “Le Parisien” gazeti habar berýär.
“Adatça, her Olimpiadada bäş sany uly halka Oýunlary kabul edýän şäher üçin simwoliki bolan ýerde gurnalýar” diýlip, makalada bellenilýär. Maglumatlara görä, halkalar, çen bilen, 60 metr beýiklikde, diňiň birinji we ikinji gatlarynyň aralygynda ýerleşdiriler. Mundan başga-da, Eýfel diňi sport ýaryşlarynda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şeýlelikde, kenarýaka woleýboly boýunça ýaryş Eýfel diňiniň etegindäki Mars meýdançasynda geçiriler. Onuň golaýyndaky Trokadero meýdançasynda bolsa, “Çempionlar seýilgähi” diýlip atlandyrylýan giň fan-zolak döredilip, ol ýerde her gün medal eýeleri köpçüligiň öňüne çykarlar.
Şeýle-de Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň karary bilen şu ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgust aralygynda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşjak tomaşaçylaryň sany 600 müňden 320 müňe çenli azaldyldy. Bu karar howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Ýatlap geçsek, tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda, Paralimpiýa oýunlary bolsa 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda Fransiýada geçiriler.