Italiýanyň çempionatynda şu wagta çenli geçirilen 7 duşuşygyň 5-si deňlikde tamamlandy. Sanawyň lideri “Inter” öz meýdançasynda “Kaliari” bilen duşuşyp, 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. “Interiň” gollaryny Turam bilen penaltiden Çalhanoglu, “Kaliariniň” gollaryny-da Şomurodow bilen Wiola geçirdi. “Milan” myhmançylykda “Sassuolo” bilen duşuşyp, garşydaşynyň 3-1 hasabynda öňe saýlanandygyna garamazdan, duşuşykdan 1 utuk gazanmagy başardy. Pinamonti bilen Llorentiniň (2) gollaryna “Milan” Leao, Ýowiç hem-de Okaforyň gollary bilen jogap berdi. Bu netijelerden soň, 14 utuklyk aratapawut saklanyp, “Inter” indiki tapgyrda myhmançylykda “Milan” geçirjek duşuşygynda ýeňiş gazanan ýagdaýynda çempionlygyny yglan eder. Turin derbisinde “Torino” bilen “Ýuwentusyň” arasyndaky oýunda-da hasap açylmady. Soňky çempion “Napoli” toparyna öz meýdançasynda “Frozinone” toparyny ýeňmek başartmady (2-2). “Udineze” – “Roma” duşuşygy 1-1 deňlikde dowam edýän mahaly rimlileriň goragçysy Ewan Ndikanyň ýüreginde emele gelen näsazlyk sebäpli duşuşyk 75-nji minutda ýatyryldy.

Çempionatyň 32-nji tapgyry şu gün 2 duşuşyk bilen tamamlanar.

Lasio – Salernitana: 4-1 (Anderson 7, 35, Wesino 14, Isaksen 87 – Çauna 16),

Leççe – Empoli: 1-0 (Sansone 89),

Torino – Ýuwentus: 0-0, Bolonýa – Monza: 0-0,

Napoli – Frozinone: 2-2 (Politano 16, Osimhen 63 – Şeddira 50, 73),

Sassuolo – Milan: 3-3 (Pinamonti 4, Llorente 10, 53 – Leao 20, Ýowiç 59, Okafor 84),

Inter – Kaliari: 2-2 (Turam 12, Çalhanoglu 74 p – Şomurodow 65, Wiola 83),

Udineze – Roma (oýun 75-nji minutdan soň ýatyryldy)

Fiorentina – Jenoa, Atalanta – Werona