Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek üçin her gün 10 müň ädim ýöremelidigi bellenilýär. Bu görkeziji adamyň boýuna, ýaşyna görä üýtgäp, 6-8 kilometre deň bolýar. Eýsem, şonça ýoly pyýada ýöremek gerekmikä?
Londonyň Ykdysadyýet mekdebiniň (London School of Economics) bilermenleriniň geçiren barlagynyň netijesine görä, her gün şonçarak ýöremek hökman däl. Bilermenleriň gelen netijesine görä, kadaly saglyk üçin, esasy zat, fiziki işjeňlik, ýagny hereket etmegi endik edinmek. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, günde 10 müň ädim ýöremegiň, köp keseliň öňüni almaga ýardam edýändigi ikuçsuz. Emma köp adam işiniň köpdügi sebäpli muňa wagt aýryp bilmeýär. Okuw mekdebi hem şu meseläni öwrenipdir. Lukmanlar hepdede azyndan näçeräk ýöremelidigini anyklapdyrlar. 2013-nji ýyldan bäri geçirilen barlaglaryň netijesine görä, iki ýyllap yzygiderli hepdede üç gün, azyndan bäş müň ädim ätmek adam saglygy üçin örän peýdaly. Bellenilişine görä, şonçarak ýöremek birnäçe keseliň öňüni almaga ýardam edýär. Şeýle-de bolsa, lukmanlar “günde 10 müň ädim” ýörelgesine eýermegiň has gowy netije berjekdigine ünsi çekýärler. Sebäbi, geçirilen barlagda 10 müň ädime çenli näçe köp ýörelse, şonça-da köp peýdalydygy anyklanypdyr. Hepdede üç gezek, azyndan bäş müň ädim ýöremegiň bolsa, iň az çäkdigi bellenilýär.
Begenç Nazarow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.