Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 17-nji aprelinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde II Açyk Halkara informatika olimpiadasynyň (OIOIUS — 2024) işine dabaraly ýagdaýda badalga berildi.
Informatika dersi boýunça Açyk Halkara olimpiada Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär. Dünýäniň 18 döwletiniň, ýagny Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Katar döwletiniň, Liwiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we mugallymlary olimpiada gatnaşmak üçin gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherine geldiler. Halkara Informatika olimpiadasyna ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň 52 sany ýokary okuw mekdebinden jemi 350-ä golaý talyp, şeýle hem 31 sany daşary ýurtly ýolbaşçy mugallym gatnaşýar.
Olimpiadanyň açylyş dabarasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory çykyş edip, daşary ýurtly myhmanlaryň we ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň işjeň gatnaşýandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirdi hem-de ähli gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw etdi we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň bu halkara çärä gatnaşmaklaryna ähli şertleri döredip beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlary aýtdy.
Halkara olimpiadany guramaçylykly geçirmek üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi.
Bäsleşigiň işinde eminler topary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan işlenip düzülen ýörite programma üpjünçiligini peýdalanýar.
Halkara Informatika olimpiadasy iki tapgyrda geçirilýär. Olimpiadanyň birinji tapgyrynda gatnaşyjylara dürli meseleleri çözmek üçin programmalary işläp düzmek bilen bagly 5 sany ýumuş hödürlenýär. Gatnaşyjylaryň ählisi zerur programma üpjünçiligi bolan şahsy kompýuterler bilen üpjün edilen we olara ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin jemi 180 minut wagt berilýär.


Halkara olimpiadanyň ikinji tapgyrynda talyplara kiberhowpsuzlyk meselelerini 180 minudyň dowamynda toplumlaýyn çözmek üçin tehniki ýumuşlar hödürlenýär. Ikinji tapgyrda ýerine ýetirilen ýumuşlar kompýuterde seljerilip, özbaşdak baha berýän monitoring programmasy arkaly jemlenilýär.
Olimpiadanyň netijesi gatnaşyjylaryň iki tapgyrda toplan ballarynyň jeminiň esasynda kesgitlenýär.
Olimpiadanyň ýeňijileri altyn, kümüş, bürünç medallar we degişlilikde, 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanýar. Olimpiada gatnaşyjylara degişli sertifikatlar gowşurylýar.
Halkara Informatika olimpiadasynyň işiniň netijesi 19-njy aprelde jemlener. Şol gün olimpiadanyň çäginde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirilýär we ýeňijiler sylaglanylýar.
Halkara olimpiadanyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň gözel künjeklerine, şol sanda mili muzeýlere, söwda we dynç alyş merkezlerine, şeýle-de «Nusaý» ýadygärlikler toplumyna gezelençler guralýar.

Amanmyrat Arazow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we uniwersitetiniň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.