Şu gün – 16-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Mlynaryň ýolbaşçylygyndaky BMG-Habitatyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-Habitatyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alşyldy.
Gepleşikleriň çäklerinde taraplar geljegi uly ugurlar hökmünde şäher gurluşyk kanunçylygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, durmuş taýdan uýgunlaşan şäherleri ösdürmek üçin ählumumy maksatnamalary we strategiýalary durmuşa geçirmek meselelerine garadylar.
Şunuň bilen baglylykda duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda BMG-niň wekilçiligini giňeltmek maksady bilen Türkmenistanda BMG-Habitatyň Sebitleýin edarasyny açmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydyklaryny we hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen dolduryp, mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny bellediler.