Gresiýanyň gadymy Olimpiýa şäherinde şu ýylyň tomsunda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakylyp, Pariže tarap ýola rowana boldy. 33-nji gezek geçirilýän Olimpiada üçin ýörite guralan dabara Halkara Olimpiýa Komitetiniň başlygy Tomas Bah, şol sanda, Pariž 2024-iň Guramaçylyk komitetiniň başlygy Toni Estenž we beýleki birnäçe myhmanlar gatnaşdylar. Olimpiýa oýunlaryň başlanmagyna 100 gün galanda gadymy olimpiýa oýunlarynyň dörän ýeri bolan adybir şäherde dabara geçirilýär. Olimpiýa alawy gadymy grek däbi bolup, häzirkizaman olimpiýa oýunlarynyň hem simwoly hasaplanýar. Dört ýyldan bir gezek geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda oduň ýakylan ýeri hasaplanýan Olimpiýa şäherinden bir alaw alnyp, oýunlaryň geçiriljek şäherine äkidilýär. Bu alaw oýunlaryň dowam edýän günlerinde ýanyp, parahatlyk, agzybirlik we sportuň ruhuny aňladýar. Oduň ýakylmagy we açylyş dabarasynda ulanylmagy bolsa, türgenleriň we tomaşaçylaryň arasynda halkara ysnyşygy emele getirýär.
Mundan ozal Pariž Tomusky Olimpiýa oýunlaryny 1900-nji we 1924-nji ýyllarda kabul edipdi. Şu ýylky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýul 11-nji awgust aralygynda, Paralimpiýa oýunlary bolsa, 28-nji awgust 8-nji sentýabr aralygynda geçiriler.