Şu gün Mary şäheriniň Mary – Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy.
Ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 2 gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi. Olaryň jemi 200 sanysyny gurmak meýilleşdirilýär.
Mary welaýatynyň dolandyryş merkezindäki täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ojar Aziýa» hususy kärhanasyna ynanyldy.
536 inedördül metr meýdany eýeleýän her bir kottej 8 sany giň otagdan, ýerzeminden we awtoulaglar üçin duralgadan ybaratdyr. Şeýle hem daşarky suw, tebigy gaz we elektrik geçiriji hem-de telekommunikasiýa ulgamlary çekilendir.