Dünýäde göwher bazarynyň ýarysynyň sintetikdigi, ýagny laboratoriýada emeli usulda öndürilýändigi bellenildi. Gymmat bahaly tebigy önümiň sintetik görnüşiniň 95 göterimi Hytaýda öndürilýär. sintetik göwher önümlerine ulanyjylar hem uly isleg bildirýär. Maglumatlara görä, laboratoriýada öndürilen gymmat bahaly daşa 2021-nji ýyldan bäri isleg yzygiderli ýokarlanýar. Bahasy tebigy göwherden arzan bolansoň, bu önümleri has geçginli bolýar. Hytaýyň Henan welaýatynda öndürilen gymmat bahaly önümler Hindistanda gaýtadan işlenip, Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýurtlaryna iberilýär. Bu ýurtlardaky nika ýüzükleriniň uly bölegi adam eli bilen döredilen göwherden öndürilipdir. Emeli göwherleriň uglerod sany tebigy ýagdaýda emele gelen göwheriňi bilen deň.