Ýewropa Ligasynyň çärýek finalynda italýan derbisi paýtagtlylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. 1 hepde öňki oýunda “Milany” myhmançylykda 1-0 hasabynda ýeňen “Roma” öz meýdançasynda-da garşydaşyny 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşykda 12-nji minutda 1-nji oýundaky goluň awtory Janluka Mançini, 22-nji minutda-da Paulo Dibala ajaýyp gol bilen rimlileri 2-0 öňe saýlady. 31-nji minutda “Romanyň” sag gyraky goragçysy Zeki Çelik gyzyl kart alyp, oýundan çykaryldy. Şondan soň “Milan” hüjümlerini artdyrsa-da, olara ýeterlik netije gazanmak başartmady. Matteo Gabbianiň 85-nji minutda geçiren goly diňe skorborddaky hasaby üýtgetdi we “Roma” UEFA-nyň ýaryşlarynda bassyr 4-nji möwsümde ýarym finala çykdy. Umumylykda UEFA-nyň ýaryşlarynda soňky 5 çärýek final duşuşygynda hem ýeňiş gazanan “Roma” geçen möwsüm bu bäsleşikde finala çykypdy.